30/11/-0001
435
GOŇŞY HALKLARYŇ DOSTLUGY BERKEÝÄR
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly goňşy ýurtlar, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.
Garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köp ugurlar boýunça rowaçlanýar. Türkmenistan döwletimiz bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Türkmen milli deňiz söwda flotunyň gämileri Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan Eýranyň Enzeli, Neka, ugurlary boýunça halkara gatnawlaryny amala aşyryp, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşini we hilini has-da artdyrýarlar.
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem iki dostlukly ýurduň arasynda diňe bir söwda - ykdysady ugurlarda däl, eýsem ylym - bilim, medeniýet-sungat, sport ugurlarda hem hyzmatdaşlyk ýokary depginlerde alnyp barylýar. Türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga Eýran döwleti tarapyndan aýratyn hormat goýulýar. Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňra ýurdumyzyň döredijilik işgärleri beýik şahyryň Aktokaýdaky guburyna zyýarata barmaga mümkinçilik döredildi. 1999-njy ýylyň 17-nji maýynda Eýran döwletiniň Magtymgulynyň guburynyň üstüne kümmet galdyrmagy bolsa türkmen şahyryna bolan hormatynyň belentdigini şöhlelendirdi.
Golaýda hormatly Prezidentimiziň Eýran Yslam Respublikasyna boljak döwlet sapary goňşy halklaryň gatnaşyklarynda täze mümkinçiliklere eýe bolar.
Altyngözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI