30/11/-0001
585
GERIMI GIŇEÝÄN TÜRKMEN – HYTAÝ GATNAŞYKLARY
Türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gözbaşyny taryhyň çuňlugyndan alyp gaýdýar. Ol iki müň ýyldan gowrak mundan ozal, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň hereket etmegi netijesinde has-da aýdyň görnüşe geçýär. Munuň özi şol döwür üçin ulag ugry bolup durýar. Beýik Ýüpek ýoly gadymy döwürde Hytaýyň iň irki paýtagty bolan Sian şäherini türkmenleriň Merw (häzirki Mary) şäheri bilen baglanyşdyrypdyr.
Hut şu künjekden söwda kerwenleri ýüpek, farfor, çaý we başga-da birnäçe Hytaý harytlaryny Ýewraziýa yklymynyň birnäçe künjeklerine ýetiripdirler. Mundan başga-da Ýüpek ýoly sebitiň ýurtlaryny diňe bir söwda gatnaşyklary bilen däl, eýsem gumanitar ugurlar boýunça-da baglanyşdyrypdyr. Ol Gündogaryň we Günbataryň iki beýik medeniýetleriniň ylmyny, medeniýetini baýlaşdyrypdyr.
Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly öz eserlerinde gadymy türkmen dessurynda halkymyzyň Çyn-Maçyn diýip atlandyryşy ýaly, Hytaý barada köp gezek gaýtalaýar. «Çyn-Maçyn, Rum, Horezmi ýördüm ykbal agtaryp...» ýa-da :«Göwün istär, gezsem Çyn-Maçyn» diýen ýaly setirleri hem şaýatlyk edýär.
Häzirki döwürde Hytaý Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Biziň döwletara gatnaşyklarymyz hemişe netijeli, işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda gatnaşyklar has-da sazlaşykly ösdürildi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze we geljegine uly umyt baglanýan ugurlary hökmünde hormatly Prezidentimiziň ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň jemi 16-syna gol çekildi.
Şolaryň hatarynda:
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «ýaşyl» ösüş babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda sanly ykdysadyýet babatda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş boýunça döwlet komissiýasynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda 2023 — 2027-nji ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasy;
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň arasynda 2023 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamasy;
Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky baş döwlet müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Hytaý Olimpiýa komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.
Saparyň jemleri boýunça gol çekilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Media korporasiýasynyň arasynda habar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Sinhua» habarlar agentliginiň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda habarlary alyşmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen «Ženmin Žibao» gazetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň nebitgaz korporasiýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolsa ynsanperwer ulgamda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Döwlet JUMAGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI