01/09/2024
710
Geljekki hünärmenler
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen geljekki hünärmenler täze okuw ýylyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Biz hem şeýle ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris:
Nowruz NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünäriniň magistri:
— Yhlasyň ýerine düşende ganatlanyp uçuberesiň gelýär. Talyp döwrümde kitaplardan bilmeýän sowallarymyň jogaplaryny gözläp, gör, näçe «çorba sowadypdym».
Bu ugurda üstünliklere ýetmegime talyp döwrümde gazanan tejribelerim uly goldaw berdi. 2023-nji ýylda howanyň üýtgemeginiň jemgyýete ýetirýän täsiri we ýaşlaryň bu mowzuk boýunça pikir-garaýyşlaryny öňe sürmek we täzeçil çözgütleri oýlap tapmak maksady bilen guralan ÝUNESKO-nyň 13-nji Ýaşlar forumyna gatnaşmak miýesser etdi.
Bu gün bolsa öz saýlan hünärim boýunça türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünäriniň magistri boldum. Ata-babalarymyz: «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýip, örän ýerlikli belläpdirler. Käriňi söýmek kämillige ýetirýär. Hukuk hünäri boýunça alan bilimimi has-da çuňlaşdyryp, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň berkemegine mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişeris.
Çeşme: "Watan" gazeti - 31.08.2024 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/5/articles/161374