30/11/-0001
746
Garaşsyzlyk – ýürekleriň buýsanjy
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň dünýä ýaň salýan şan-şöhratydyr türkmeniň milli buýsanjydyr.
Bu günki gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şeýle gysga wagtyň içinde ata Watanymyz häzirki wagtda durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwrüldi.
Ýurdumyz özbaşdaklygyny alan ilkinji günlerinden başlap, milli ösüş ýoly bilen uly özgertmeleri amala aşyrdy. Halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen täze senagat kärhanalary gurulyp, hususyýetçilige giň ýol açyldy. Türkmenistan içeri we daşary syýasatyny özbaşdak alyp baryp, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge başlady.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň mart aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy boldy. Onuň yzysüre 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda özüniň öňe sürýän Bitaraplyk ýörelgelerini bu abraýly düzümiň – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy derejesinde ykrar edildi. Bu bolsa Garaşsyzlygymyzyň beren miwesidir, özbaşdaklygyň ilkinji ýyllarynda gazanan iň uly üstünligidir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan beýik mertebesini, watansöýüjilik buýsanjyny, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we dostluk ýörelgelerini hem ýer ýüzünde giňden dabaralandyrdy. Hakykatdanam Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak baradaky asylly arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Gazanylan üstünlikler barada söz açylanda, bir zat hakynda aýratyn aýtmak gerek. Ol hem Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigidir. Munuň özi ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ähli amatlyklary bolan bilim ojaklary, häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda 12 ýyllyk umumy orta bilime we sanly bilim ulgamyna geçmek syýasaty durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy” sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary, amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi.
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda şanly Garaşsyzlygymyza eýe bolanmyza 30 ýyl bolýar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulmagyna itergi berýär. Garaşsyzlyk bilen galkynyp, Bitaraplyk bilen buýsanyp ýaşaýan agzybir türkmen halkymyz parahat ýurdumyzda halal zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak bilen, uly ynam bilen öňe barýar. Bularyň ählisi Garaşsyzlygymyzyň bize beren soňlanmajak bagtydyr.
Jennet OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI