30/11/-0001
800
Garaşsyzlyk – milli medeniýetiň galkynmasy
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri hakynda kelam agyz gürrüň.
Ady dilimiziň senasyna, şany başymyzyň täjine, barlygy, özerkliligi bolsa göwün köşgümize öwrülen eziz Watanymyz bu günki günde mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny belleýär. 30 ýyl taryh üçin örän gysga wagt bolsa-da, bu döwrüň içinde Türkmenistan Diýarymyz dünýä ýüzünde özüniň hakyky ornuna, eziz halkymyz asyrlap arzuwlan özygtyýarly döwletine, eldegrimesiz çäk bitewiligine, tebigy baýlyklaryna, medeni hem ruhy mirasyna doly hukukly eýe boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyz her säher dünýä parahatçylyk, asudalyk, il-güne agzybirlik, bolelinlik arzuwlaýan dana gojalarymyzyň, ak saçly mährem enelerimiziň ýürek owazynyň ylahy ýaňlanmasydyr. Her bir raýatymyzyň päk ýürekden zähmet çekip, Watan berkararlygyny belent derejelere ýetirmesidir. Hoşniýetli halkyň, ynsanperwerligi baýdak edinen ýurdunyň dostlukly serhedinde her bir pursatda hüşgär duran Watan goragçysynyň, türkmen esgeriniň söweşjeň ruhudyr. Garaşsyzlyk ýüreginde söze, döredijilige, sungata çäksiz sarpa we hormat püre-pür, kalby joşgunly türkmen ogul-gyzynyň köňül kelamydyr.
Keremli zemini dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy hasaplanýan türkmen halkynyň baý medeniýeti, dünýä nusgalyk ruhy mirasy bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa, türkmen medeniýetiniň galkynan, täze sepgitlere, ruhy ösüşe, halkara giňişliginde belent at-abraýa eýe bolýan ajaýyp zamanasydyr. Halkymyzyň taryhy kökleri müňýyllyklara uzaýan edebi hem ruhy gymmatlyklaryny täzeden dikeltmek we dünýä ýaýmak boýunça Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Milli mirasymyzy döwrebap röwüşde baýlaşdyrmak we çuňňur öwrenmek ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekileriniň öňündäki iň derwaýys wezipeleriň biridir. Ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň işi barha barha ilerleýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalanýar, medeni aň-bilim işiniň mazmuny, görnüşleri we usullary, guramaçylyk işleri gitdigiçe kämilleşýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkara derejesinde milli medeniýeti we milletiň gadymdan galan mirasyny giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň milletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet edaralarynyň täze ulgamy kemala geldi, milli medeniýetimiziň ruhy binýady hasda baýlaşdy. Şoňa görä, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri hasda kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejesindäki festiwallar, sergiler, maslahatlar we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Munda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda, şeýle hem dostlukly döwletleriň ýurdumyzda geçirýän Medeniýet günlerine möhüm orun degişlidir. Bu halkara medeni çäreler dünýä döwletleri bilen özara medeni hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrmaga, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan dostdoganlyk ýörelgelerimizi ösdürmäge täze badalgalar berýär.
Türkmen halky milli öwüşginlere baý medeniýeti, belent sungat derejesine ýetirilen zergärçiligi, küýzegärçiligi, halyçylygy, atşynaslygy, täsin owazlara beslenen aýdym-sazlary, folklory bilen umumadamzat medeni-ruhy gymmatlyklaryna saldamly goşant goşdy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda döwlet we jemagat kitaphanalarynyň 230sy hereket edip, kitaphanalaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň jemi 10 million 900 müňden gowragy bar. Milli taryhy gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen häzirki wagtda 36 sany döwlet muzeýi bolup, bu muzeýleriň gaznasynda jemi 338 müňden gowrak muzeý gymmatlygy goralyp saklanylýar. Şeýle hem milli teatr, kino, aýdym-saz, binagärlik sungatymyzy ösdürmek, teleradio ýaýlymlarymyzyň alyp barýan işini hasda kämilleşdirmek boýunça oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär, ruhy gymmatlyklarymyz dünýä derejesinde ykrar edilýär. Mysal hökmünde 2015nji ýylda «Görogly» dessançylyk sungatynyň, 2017nji ýylda «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, 2019njy ýylda türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKOnyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigini aýdyp bileris. Nesip bolsa, bu görnükli sanawa Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, Ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatyny hem girizmek göz öňünde tutulýar.
“Medeniýet halkyň kalbydyr” diýýän Gahryman Arkadagymyz özüniň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça wezipeler toplumyny kesgitleýär. Öňde goýlan maksatlaryň hatarynda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi tarapyndan diňe ykdysady babatda däl, eýsem, ruhy we medeni babatda kuwwatly ýurt hökmünde ykrar edilmegini gazanmak, toplumlaýyn özgertmeleri geçirmegiň barşynda bu ulgamyň ornuny güýçlendirmek, sebitiň we dünýäniň dürli döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek, zehinli sungat ussatlaryny ýüze çykarmak we olary halkara bileleşigine tanyşdyrmak, daşary ýurtly kärdeşleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri dowam etmek ýaly wezipeler bar. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz soňky ýyllarda bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmagyň, halkymyzyň mirasyny we taryhyny giňden wagyz etmegiň möhümdigini belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamynda ýene-de bir durmuşa geçiren möhüm özgertmeleriniň we taryhy täzeçilligiň biri hem ýylyň-ýylyna geçirilýän medeniýet hepdelikleridir diýsek ýalňyşdygymyz bolmaz. Medeniýet hepdeliginiň ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilýändigine o diýen kän wagt bolmandygyna garamazdan, göýä asyrlar içre dowam edip gelýän dessur kimin, ol biziň durmuşymyzda mäkäm orun aldy.
Owal-ahyrdan süňňüne şahandazlyk, ruhubelentlik, egsilmez zehin siňen türkana halkymyz sungatyň, edebiýatyň, medeniýetiň sarpasyny belentde tutýar. Zybanyna çeper söze baýlyk, owazyna şirinlik, goluna ýetmiş iki dürli saz gurallaryna erk etmekde çalasynlyk, beýik zehin berlen her bir ynsany hormatlamak, sylaglamak, onuň sungatyndan, zehin siňen döredijiliginden lezzet almak halkymyzyň iň bir asylly häsiýeteriniň we ýörelgeleriniň biri bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiz hem bu asylly ýörelgeleri dabaralandyrmak hem-de medeniýet we sungat, döredijilik işgärleriniň, öz işine aýratyn söýgi hem döredijilik bilen çemeleşýän her bir raýatymyzyň sylagyny ýetirýär. Ýurdumyzda her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň jemleri jemlenip, ýeňijiler hormatly Prezidentimiziň Şaserpaýy bilen sylaglanylýar. Bu hem asuda we erkana Watanymyzyň özygtyýarlylygyna, mukkaddes Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňky ýeten belent derejelerine, medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwletli işleri bir mysaldyr.
Milli medeniýetimizde we sungatymyzda gazanylan üstünlikler barmak basyp sanardan kän. Her bir döwletiň ýüzüniň tuwagy, milli özboluşlylygy onuň medeniýetinde jemlenýär. Gahryman Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda milli medeniýetimiz hakda şeýle belleýär: “Türkmen medeniýetiniň uzak döwürleriň, asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren we kämilleşdiren zatlaryna milletiň ruhy ösüşiniň gymmatlyklary hökmünde garamak bolar”. Halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda sünnäläp, kemala getiren bedew aty, halysy, şaýseplerini, edebi, medeni mirasymyzy, halk döredijiliginiň baý hazynasyny, ekerançylyk, maldarçylyk tejribesini, maşgala ýörelgelerini, nesil terbiýesini, öýojak, özara gatnaşyk kadakanunlaryny, däpdessurlaryny, yrymynançlaryny öz içine alýan durmuş medeniýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýşymyzyň we ruhumyzyň daýanjy bolup, geljegimiziň ygtybarlylygyna, milletimiziň ynamyna güwä geçýän binýada öwrüldi.
Türkmen halkyna bagtyýar hem eşretli durmuşy peşgeş beren, Watanymyzyň ähli ulgamlar boýunça ýeten belent sepgitlerini, ýokary üstünliklerini dünýä ýaýýan, beýik Garaşsyzlygymyzy berkitmek we Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmak boýunça bimöçber işleri durmuşa geçirýän, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaç alsyn!
Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI