30/11/-0001
555
GARAŞSYZLYK HEM BAKY BITARAPLYK - HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany“ ýylynda has-da çuňňur many-mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirýän beýik işleriniň esasynda watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýär. Munuň özi eziz Diýarymyzyň asudalygynyň, uly ösüş-özgerişlikleriniň nyşanydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp şygary dünýä jemgyýetçiliginde uly ynama eýedir. Ýurt Baştutanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýän umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriniň ählisinde uly goldaw tapdy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyjyndan ugur alnyp, parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň, dostlugyň, oňyn gatnaşyklaryň söhbedi giňden tutulýar, munda birnäçe wajyp resminamalardyr kararlar kabul edilýär.
Şeýle-de, ýurdumyzyň ösüşi hem-de dünýä derejesinde özüniň öňdebaryjylygy bilen tanalmagy ähli türkmen halkynyň başyny göge ýetirdi. Bu pursatda Watanymyzyň şan-şöhraty babatda öz ýürek buýsanjyňy aýtmazlyk asla mümkin däl:
Gün-günden beýgelip, ösýär Diýarym,
Sendedir barja meň küýüm, hyýalym,
Arzuwlanan döwre ýetdi myradym,
Arkadagyň mynasyp at dakany,
Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!
Aşgabadym ýalkym saçýar çar ýana,
Keşbiňi,şäherim, synlaýyn gana,
Türkmen sährasyna çyksam seýrana,
Säher bilen ak daňlaryň atany,
Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI