18/03/2025
368
“Garaşsyzlyk – Bitaraplyk goşa ganatym” atly bäsleşik
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda öwredilýän daşary ýurt dilleri boýunça dil hepdeliklerine Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň işjeň agzalaryny çekmek we dürli dillerde “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan “Garaşsyzlyk – Bitaraplyk goşa ganatym” atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda mekdep okuwçylary iki topara bölünip bäsleşdiler. Toparlar Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan taýýarlanan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», Türkmenistan döwletimiziň döwlet Garaşsyzlygyna we baky Bitaraplygyna degişli soraglara jogap berdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşikde Garaşsyzlyk topary ýeňiji diýlip yglan edildi. Institutymyzda geçirilen bu bäsleşik diňe bir geljekki diplomatlaryň arasynda dil bilimini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem Türkmenistanyň dünýä ýüzünde parahatçylyga we ynam meselesinde tutanýerli ygrarlylygyny güýçlendirdi.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости

30/04/2025
ПОДВЕДЕНИЕ ИТОГОВ ОЛИМПИАДЫ