30/11/-0001
713
Garaşsyzlyk – baky bagtymyz
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow:
“Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren ruhy galkynyşyny
ösüşlerden-ösüşlere alyp gitmekde, milli äheňler bilen baýlaşdyrmakda,
eziz ýaşlar, siziň zehiniňiziň gül kimin açylmagy örän zerurdyr we möhümdir.”
1991-nji ýylyň altyn güýzünde türkmen halkynyň alnyndan ak Gün dogup, bagt guşy al-asmanda ganat ýaýdy. Türkmenistan öz mukaddes Garaşsyzlygyny dünýä ýüzüne jar etdi. Ata-babalarymyzyň arzuwlan, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asyrlar boýy “Berkarar döwlet istärin” diýen ýürek islegleri bu gün amala aşdy. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly myhmançylyk däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Türkmen halky bu gün öz bagtyna, dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Garaşsyzlyk ýurdumyzyň, merdana halkymyzyň adyny dünýä tanatdy, şöhratymyzy mertebämizi äleme ýaýdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr. Asudalyk, agzybirlik, jebislik – biziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sarsmaz sütüni bolup, tutuş ýurdumyzy berkitdi. Garaşsyzlyk – biziň her birimiziň kalbymyzyň aýdymyna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mähriban Watanymyzyň ýyl-ýyldan has-da gülläp ösýändigini, kuwwatly, abraýly döwlete öwrülendigini äşgär edýär. Her bir güni täze üstünliklere beslenýän döwrümizde “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar ýurdumyzyň baş ýörelgesidir.
“Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy peşgeş beren beýik mukaddesliklerimizdir”. Gahryman Arkadagymyzyň şu paýhasly jümlesinden görnüşi ýaly, Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk – türkmen halkynyň durmuşyndaky ähli oňatlyklaryň gözbaşy. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň möhüm wakasyna – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ýokary ruhubelentlikde taýýarlyk görülýär. 30 ýyla taryhy jähetden seredeniňde, uzak möhlet däl. Ýöne biziň ýurdumyzyň Garaşsyz döwlet hökmünde geçen menziline ser salanyňda, onuň asyrlara barabar beýik işlere beslenendigine göz ýetirmek bolýar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan ýeňişlerdir üstünlikler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Türkmenistan döwletimiziň syýasatda, ykdysadyýetde asyrlara barabar öňegidişlikler gazandy. Oba hojalygynda, dokma, nebit-gaz pudaklarynda, ylym-bilimde, lukmançylykda, senagatda üstünlikli sepgitlere ýetmek bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygy ýylsaýyn artdyrýar. Türkmenistan bilimiň we medeniýetiň hakyky ojagyna öwrüldi. Garaşsyzlyk – bu bize berlen egsilmez bagtdyr, serpaýdyr. Ýurduň Garaşsyzlygyny döwletimiziň her bir raýatynyň Garaşsyzlygy, özbaşdaklygy, erkinligi bilen deňeşdirenimizde adamlaryň bolelin, asuda, parahat durmuşda ýaşamaklary munuň özi Garaşsyzlygyň bize eçilen miwesidir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde öz öňünde durýan wezipe borçlara abraý bilen hötde gelip, ýurdumyz halkara syýasy-ykdysady maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler gazandy. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz dünýä döwletleri bilen halkara diplomatik gatnaşyklary alyp barmak bilen, dost-doganlyk, goňşuçylyk ýörelgelerini pugtalandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bagtly, eşretli durmuşa alyp barýan, gülläp ösýän we türkmen halkynyň halkara abraýy, mertebesi has-da belentde göterilýär ylym-bilim ulgamynda geçirilýän işler giň gerim alýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, hilini gowulandyrmak, dünýä ülňülerine laýyk getirmek, hünär ussatlylygyny artdyrmakda Hormatly Prezidentimiziň: “Ylym jemgyýetleri hereketlendiriji, döwletleri ösdüriji ägirt uly güýçdir” diýip, aýdan sözleri döwrüň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Taryhy taýdan gysga döwürde bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we ýurdumyzyň dürli pudaklaryny, edaralaryny orta hünärli hünärmenler, işgärler bilen üpjün etmek maksady bilen, orta hünärmen mekdepleri açylýar. Şeýle hem her täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açylýar. Türkmenistanyň köp sanly bilim edaralary dünýäniň dürli ýurtlarynyň onlarça bilim ojaklary bilen özara gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň bilim ulgamy bilen tanyşmaklary we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklary üçin, her ýyl ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlaýan uçurymlaryna daşary ýurtlarda bilim almaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredildi.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna daýanyp, bu günki gün dünýäniň sport äleminde mynasyp ornuny tapdy. Biziň türgenlerimiz bolsa, dünýäniň abraýly arenalarynda öz ussatlyklaryny görkezip, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyryp, türkmen tuguny belende galdyrýarlar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda döwrebap sport desgalary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary, sport meýdançalary gurlup ulanylmaga berildi. Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabatda deňi taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bina edilip, döwrebap sport düzümlerini döretdi. Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini işjeňleşdirmek boýunça uly öňe gidişlikleri gazandyk. Sport dünýäsinde biziň ýurdumyzy “Aziada — 2017” we “Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty — 2018” ýaly iri ýaryşlaryň guramaçysy boýunça dünýä çempionatynyň geçirilen ýeri hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçen ýoly köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenip, olar täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmegiň özeni bolup hyzmat eder.
Garaşsyzlygyň şuglasyndan nur alýan bu ýol parlak geljegimiziň ýoludyr. Berkarar döwlet guran beýik milletiň mertebeliliginiň, şan-şöhratynyň ýoludyr. Goý, bu röwşen ýolda hormatly Prezidentimize, halkymyza diňe üstünlikler ýar bolsun!
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI