30/11/-0001
568
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz günsaýyn özgerýär. Halkymyz garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Türkmenistan döwletimiz dünýä bileleşiginde garaşsyz, özygtyýarly we hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan döwlet hökmünde Milletler Bileleşiginde özüniň mynasyp ornuny eýeledi. Ýurdumyzyň parahatçylyga, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýäniň ençeme döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Iň buýsançly wakalaryň biri hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny almagydyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Bitaraplyk taglymaty mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana, bagtyýar halkymyza ýeňişleri gazanmaga ruhy güýç berýär hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýola goýulmagyna oňyn täsir edýär» diýip belleýär.
Taryhy maglumatlardan bilşimiz ýaly, täze türkmen döwletiniň gurlup başlanmagy 1990-nji ýylyň 22-nji awgustyndan başlandy. Bu günde Türkmenistanyň Döwlet özygytyýarlygy hakynda Jarnama kabul edildi. Jarnamada ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň doly hukukly we garaşsyz agzasy bolýandygy beýan edilip, ýurduň bütin çäginde döwlet häkimiýetiniň hökmürowanlygy, özbaşdaklygy, doly ygtyýarlylygy, mizemezligi, halkara gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygy we deňhukuklylygy hökmünde ýurduň döwlet özygtyýarlylygynyň jar edilýändigi kesgitlendi. Şeýlelikde, 1991-nji ýylyň altyn güýzünde dünýäniň kartasynda Türkmenistan atly döwlet peýda boldy. Magtymguly Pyragy ýaly beýik türkmen şahsyýetleriň özbaşdak, garaşsyz, berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary hasyl boldy.
Garaşsyz ýurdumyzda her bir ynsanyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek, Garaşsyzlygymyzy has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowlandyrmak, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokary götermek ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz içeri we daşary syýasatyny amala aşyrmak bilen uly üstünlikleri gazandy, türkmen halkynyň ady bütin dünýä ýaýyldy. Häzirki wagtda dünýäniň ählumumy meseleleriniň toplumyna parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi degişli etmek bolar.Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek bilen bir hatarda, durnukly öszşi üpjün etmeklige ayratyn uly üns berilýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýan Türkmenistan bu babatda BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwally maksatnamasyny» hem belläp geçmek möhümdir.
Ine, şeýle uly ösüşlere hem-de özgertmelere beslenen Diýarymyzda bu gün taryh üçin uly bolmadyk döwürde gazanylan beýik üstünlikleri bilen Garaşsyzlyk baýramy belleýär. Türkmenistan döwletimiziň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan oňlanylýar we ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar.Bütün dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň öňdengörüjiligi bilen halkara giňişliginde belent mertebä eýe bolan ýurdumyz bütin adamzadyň ykbalyna dahylly işleri durmuşa geçirýär. Bu bolsa öz nobatynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň agentlikleri bilen ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekdäki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we bu babatda oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna güwä geçýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň baş baýramy – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de agzybir türkmen halkymyzy tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI