29/04/2024
718
Gadymy medeniýetiň ojagy
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda tutuş türki halklary üçin ajaýyp sowgat boldy.
Mälim bolşy ýaly, türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen işleri alyp barýan TÜRKSOÝ bilen netijeli hyzmatdaşlyklar giňden ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, medeniýetleriň özara baglanyşygyny üpjün etmek we dünýä ýüzüne giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän işler halklary dostlaşdyrýar. TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi gadymy şäheriň taryhy şöhratynyň ýaňadan dabaralanýandygynyň subutnamasy boldy.
Islendik arheologik ýadygärligiň, gadymy binagärligiň her bir nusgasynyň aňyrsynda irki adamzat medeniýetini esaslandyran halkymyzyň geçmiş taryhy ýatyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçmegi, Watanymyzyň taryhy – medeni ýadygärlikleriň ýüzlerçesini özünde jemlemegi türkmen halkynyň şöhratly, baý taryhynyň bolandygyndan habar berýär. Bu ýadygärlikler döwletleriň döreýşi, olaryň ýaşaýjylary we edermen, batyr goragçylary barada köp zatlary habar berýär. Bu milli gymmatlyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy we medeni galkynyşy başdan geçirýän halkymyzyň synmaz erkiniň, jebisliginiň, watansöýüjiliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.
Gymmatly maglumatlara baý bolan bu kitapda halkymyzyň gaýtalanmajak taryhy-medeni mirasy, Änew medeniýetini içgin öwrenen R.Pampelli, W.Sarianidi, W.Masson ýaly tanymal alymlaryň mynasyp goşantlary barada täsirli gürrüňler berilýär. Dünýä alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde, Änew medeniýetinde geçirilen gazuw - agtaryş işleriniň dowamynda bu medeni ojagyň has irki gatlaklara degişlidigi anyklanypdyr. Munuň özi, Änew medeniýetiniň Jeýtun medeniýetiniň döwürdeşidiginden habar beripdir. Ol ýerde ilatyň dag çeşmelerinden peýdalanyp, esasan, ekerançylyk işleri bilen meşgullanandygyna şaýatlyk edýän alamatlar, tapylan ak bugdaýyň däneleri bugdaýyň ilkinji Watanynyň Änew topragydygyna güwä geçipdir. Häzirki döwürde bu gymmatlyklar Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde saklanýar.
«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly bu kitap «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» ýaly baplardan ybarat bolup, kitabyň bezeg işleri örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Şeýle-de ajaýyp kitapda berkarar ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada söhbet edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli galamyndan çykan täze eseri biz ýaşlaryň ýan kitabymyza öwrülip, taryhyň şöhratly sahypalaryny şöhlelendirer. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser dünýä halklarynyň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekjegi ikuçsyzdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitaby Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana pederlerimiziň ruhy mirasyna, milli däplerimize, gymmatlyklarymyza, halkymyzyň gadymy taryhyna we medeniýetine goýulýan çäksiz sarpadan nyşan bolup çykyş edýär.
Handöwlet ÖWEZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI