24/06/2023
805
ELEKTRON KITAPHANALAR maglumatlaryň elýeter üpjünçiligini döretmäge hem-de giňeltmäge niýetlenendir
Ata Watanymyzda sanly bilim ulgamyndan, elektron kitaphanalardan peýdalanýanlaryň sanynyň köpelmegi bilen olar ähmiýetinide artdyrýar. Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi we olaryň ýörite tor arkaly elýeterli üpjün edilmegi üçin netijeli işler durmuşa giňden ornaşdyrylýar. Şoňa baglylykda, ýurdumyz ähli okuw mekdepleriniň kitaphanalarynda sanly ulgama geçmek işleri barha giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda elektron kitaphanalaryň baýlaşmagy, Internet arkaly halkara kitaphana ulgamyna birikdirilmegi, halkara kitap alyş-çalşygynyň işjeňleşmegi, ýurdumyzyň kitaphanalarynda ylmyň dürli pudaklarynda işleýän türkmen alymlaryna, dürli kärdäki hünärmenlere gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň elýeterliliginiň üpjün edilmegi bu ugurdaky döwrebap işleriň netijeleridir. Informasion tehnologiýalaryň hem-de maglumat beriji serişdeleriň gün-günden ösmegi, adamzadyň öňünde duran möhüm wezipäniň – maglumatlary goramak we ony täze nesillere ýetirmek meselesiniň çözgüdine öwrüldi. Häzirki döwre çenli maglumatlary goramagyň hem-de ýaýratmagyň esasy serişdesi neşir edilen metbugat eserleridir. Olar kitaphanalarda jemlenilip, jemgyýetiň informasion talaplaryny kanagatlandyrýardy. Tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän döwründe bolsa elektron kitaphanalar maglumat saklamagyň ygtybarlylygyny artdyrdy. Elektron kitaphanalar maglumatlary, edebiýatlary saklaýjy we habar beriş ulgamy bolup, ol maglumatlaryň elýeter üpjünçiligini döretmäge hem-de giňeltmäge niýetlenilendir. Şeýle hem bu ulgam gerek bolan maglumatyň gözlegini gysga wagtda amala aşyrmaga, Internet ulgamyndan erkin peýdalanmaga şert döredýär. Internet ulgamyna birikdirilen elektron kitaphana ulgamy öz habar beriş çeşmelerini islendik ulgam bilen baglanyşdyryp bilýär. Bu bolsa habarlara we habar beriş gulluklarynyň ulgamlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap guralmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Sanly bilimi giňişleýin ulanýan ýurtlaryň tejribelerinden görnüşi ýaly, ol ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna hem-de sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, bilim berişiň täze sepgitlere ýetmegine ýardam berýär. Diýarymyzyň her bir raýatynyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan doly baş çykaryp, elektron kitaphanadan doly peýdalanmagyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň kitaphana işgärleriniň oňünde goýýan wezipeleri, olary durmuşa geçirmek bolsa döwrüň talabydyr. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda innowasiýa işiniň ýerlikli hem-de döwrebap gurnalmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň bilim almak, ylym öwrenmek mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlanýar. Çünki Arkadagly Serdarymyzyň innowasiýalar arkaly bilim ulgamyny, ýaşlara ylym-bilim öwretmek işlerini hasda kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijelerini berýär.
Agahan AGAHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Makala 24.06.2023 senesinde "Türkmeniň ýüpek ýoly" gazetiniň 3-nji sahypasynda çap edildi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI