25/04/2024
518
«Eksport-import amallary üçin bir penjire»
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Bu babatda 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda milli Liderimiziň Karary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek.
Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ösdürmek; ýurdumyzda öndürilen harytlaryň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek; ykdysadyýetde bäsdeşlige ukyply işewürlik gurşawyny we maýa goýum ýagdaýyny döretmek; Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza döwlet hökmünde girmegini gazanmak; ýurduň ykdysadyýetiniň oňyn töleg we söwda deňagramlylygyny üpjün etmek strategiýanyň esasy maksatlarydyr. Şu maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzda we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin häzirki wagtda «Bir penjire» ulgamy hereket edýär.
«Bir penjire» ulgamy ýurdumyzda eksport, import we üstaşyr amallary üçin bir penjire ulgamyny döretmek arkaly daşary söwda işine ýardam bermegi maksat edinýär. Daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň (DYIG) administratiw işleriniň möçberlerini azaltmak, ýagny tarif däl çärelerini düzgünleşdirmek üçin talap edilýän wagtyň we çykdajylaryň peselmegini gazanmak; döwlet edaralarynyň işini ýönekeý we açyk etmek bilen, daşary ykdysady işe gatnaşyjylaryň, ýörite bilimini talap etmezden, telekeçilik işini alyp barmagyny üpjün etmek; kanunçylyk bozulmalaryny azaltmak «Bir penjire» ulgamynyň wezipeleri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasyna hem gol çekildi.
Bu resminama girizilen üýtgetmeler Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyna birikdirilmegi bilen baglydyr.
Agzalan ministrlikleriň ulgama birikdirilmegi üçin goşmaça wagtyň zerurdygy göz öňünde tutulyp, Taslama resminamasynyň güýjüni 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak barada karara gelindi.
Taslamanyň maksady Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy (TDGG) bilen import we eksport amala aşyrylanda gözegçilige gatnaşýan döwlet gözegçilik edaralarynyň (DGE) arasyndaky özara işi berkitmek, ygtyýarnamalaryň, güwänamalaryň we rugsatnamalaryň (YGRR) integrirlenen monitoringini we gözegçiligini ýola goýmak, şeýle-de, döwletimiziň dünýädäki, sebitleýin ykdysady integrasiýasyndaky we halkara söwdasyndaky mümkinçiliklerini berkitmek bolup durýar. Umuman aýdanymyzda, taslama gümrük hyzmatlaryny etmek ulgamynda «Bir penjire» çemeleşmesini girizmek arkaly eksport-import amallaryny ýönekeýleşdirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Taslamany durmuşa geçirmek arkaly döwlet edaralarynyň, maliýe ulgamynyň, daşary söwdanyň, şol sanda hususy telekeçiligiň wekilleri tarapyndan amatly şertleri döretmek arkaly Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň berkidilmegini gazanyp bolar.
Meýlis NEPESOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI