24/06/2023
599
«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny «Belli» hojalyk jemgyýeti gurar
Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki döwri halkara söwdasynyň depginli ösüşi bilen häsiýetlendirilýär. Halkara ykdysady gatnaşyklaryň gadymy görnüşi bolmak bilen, halkara söwdasy häzirki wagtda-da döwletleri we halklary birleşdirýän esasy ulgam bolup durýar. Ählumumylaşma hadysasynyň has-da çuňlaşýan şertlerinde söwda diplomatiýasyny ýurdumyzyň milli bähbitlerinden, şeýle-de tutuş dünýä giňişligindäki geoykdysady we geosyýasy meýillerden ugur alyp, oýlanyşykly amala aşyrmak häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň halkara hyzmatdaşlygy üçin açyklygy, şeýle-de ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady guramalarynyň işine has-da işjeň gatnaşmagy, onuň söwda diplomatiýasynyň täze häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, durmuş-ykdysady ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada «Belli» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan we Ýaponiýa bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, umumy tagallalaryň ulanylmagy iň täsirli hasaplanýan, söwda we ykdysady ugur, ýangyç we energetika toplumy we beýleki birnäçe pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar, dünýä ýurtlary, halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler diňe biziň däl, eýsem bütin dünýä halklarynyň parahat we bagtly geljegine gönükdirilendir. Halkara giňişliginde ýurdumyzy dünýä tanatmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Çeşme:
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI