30/11/-0001
1795
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesiniň kanunçylyk binýady
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda häzirki wagtda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda biz ýaşlar täze ekologiki dünýägaraýşyň emele gelmegine şaýat we gatnaşyjy bolup durýarys. Ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek we bu ulgamda halkara- hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen netijeli başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan ekologiýa ulgamynda halkara borçnamalary we milli hukuk namalaryny ýerine ýetirmäge aýratyn üns berýär. “Ýaşyl” ykdysadyýetiň standartlaryny ornaşdyrmak, ähli ugurlarda ýokary ekologiýa talaplaryny berjaý etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda edilýän işler ekologiýa syýasatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça ýurdumyzda uly ähmiýetli çäreler alnyp barylýar. Beýle çäreleri hukuk taýdan berkitmek üçin olara degişli hukuk namalary kabul etmek zerur bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda “Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr” diýip bellenýär we Esasy kanunymyzdan ugur alyp, döwlet içinde birnäçe hukuk namalar hem kabul edilýär. Olardan “Howa kodeksi”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda”, “Ekologiýa maglumaty hakynda”, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy», «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Balykçylyk we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Öri meýdanlary hakynda», «Galyndylar hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» bu kanunlaryň hereket etmeginiň hem ähmiýeti örän uludyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýäniň ösüşiniň aýrylmaz şertleri we häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary bolan energiýany tygşytlamak, ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawy üpjün etmek, howply himiki galyndylary oýlanyşykly dolandyrmak, biodürlüligi goramak, ykdysadyýeti gurnamakda innowasion çemeleşmeden ugur almak, gazylyp alynýan uglewodorod serişdelerine bagly bolmadyk ykdysadyýete geçmek we beýleki ugurlary boýunça amala aşyrýan döwlet syýasatynyň we halkara hyzmatdaşlygynyň çuňňur ylmy we amaly esaslary bardyr.
Bu ugurda halkara derejesinde çäreler yzygiderli alnyp barylýar, ýagny durnuklylygy, ykdysady abadançylygy we sagdyn ekosistemalary ýokarlandyrmak üçin Merkezi Aziýada serhetüsti suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça tehniki kuwwaty we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek "Nexus: Suw-energiýa-azyk-ekosistemalar" atly pudagara geňeşmelerde degişli ministrlikleriň we bölümleriň hünärmenleriniň we wekilleriniň gatnaşmagynda USAID-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň suw-energiýa-azyk we ekosistemanyň çeşmeleriniň arasyndaky baglanyşyga baha bermegiň usulyýeti bilen tanyşdyrmak maksady bilen okuwlaryň geçirilmegi dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daşky gurşawy goramak tebigaty aýawly saklamak, durnuklylygy, ykdysady abadançylygy we sagdyn ekosistemalary ýokarlandyrmak üçin Merkezi Aziýada serhetüsti suw baýlyklaryny dolandyrmak boýunça tehniki kuwwaty we sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek babatynda uzakmöhletleýin we ylmy esasda giň möçberli işleri durmuşa geçirmek boýunça çäreler yzygiderli amala aşyrylýar.
GÜLSENEM HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hususy hukugy ugrynyň magistranty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI