771
Durnukly ulag ulgamy halkara hyzmatdaşlygynda
Gahryman Arkadagymyz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hususanda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynda halkara hukuk esaslary emele getirýän meselelerine aýratyn üns berilýär. Şunuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidentimiziň başlangyjy esasynda, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahaty geçirildi. Halkara maslahatyň jemleýji gününde biragyzdan goldanyp, Aşgabat jarnamasyna gol çekildi. Şondan soň Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlandy. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG tarapyndan ilkinji gezek «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ikinji gezek “Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda” 85 döwletiň awtordaşlygynda Kararnama kabul edildi. Taryhy Kararnamalaryň kabul edilmegi netijesinde, BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Aşgabatda jemleýji resminama gol çekildi. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda nobatdaky gezek «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly üçünji gezek 74 döwletiň awtordaşlygynda Kararnama kabul edildi. 2021-nji ýylyň 29-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezelusiýa kabul edildi we 48 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.
2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn arkaly gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde geçirildi. “Durnukly ulag, durnukly ösüş” atly utgaşykly tertipde geçirilýän forum ählumumy möçberde durnukly ulagyň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. Munuň özi BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň maksatlaryna ýetmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Forumyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada ozal öňe sürlen teklibe gaýdyp gelmegi teklip etdi. Milli Liderimiziň pikirine görä, şeýle maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda yzygiderli kabul edilen dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, dünýä derejesinde ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir.Ýeri gelende bellesek, halkara maslahatynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürüpdi. Bu halkara maslahaty 2022-nji ýylyň awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň Ulag ministrleriniň Halkara maslahaty geçiriler.
2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary, Hökümetara ýolagçylar geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly maslahat geçirdi. Bu çärä BMG-a agza döwletleriniň 90-dan gowrak wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Durnukly ulag boýunça Dostlar Toparyny döretmegiň amallaryny wirtual platforma görnüşde geçirdi. Maslahatda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa Türkmenistanyň başlangyjy we BMG-niň agza döwletleriniň goldawy bilen, BMG-nyň ulag meseleleri boýunça 4 sany rezolýusiýa kabul edilmegini giosyýasy ähmiýeti barada giňileýin belledi. Maslahatyň dowamynda Dostlar Toparyna goşulan 11 döwletiň wekilleri çykyş etmek bilen, olar häzirki wagtda bar bolan ulag meselelerini we olary çözmegiň ýollary barada özara pikir alyşmak üçin şeýle mümkinçiligiň ähmiýetini we öz wagtynda döredilendigini bellediler. Duşuşygyň netijeleri boýunça Durnukly ulag ulgamynda Dostlar Toparynyň döredilmegi bilen baglanyşykly habary özünde jemleýän BMG-niň Baş sekretarynyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň başlygynyň adyna ýörite hat ýollanyldy.
BMG-niň çäklerinde döredilen Durnukly ulag boýunça Dostlar Toparyna 11 döwletiň goşulmagy sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi üpjün etmekde durnukly ulag ulgamynyň aýratyn ähmiýetiniň ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy