29/04/2026
47
Durnukly ösüş we ykdysady bähbitler: Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygynyň täze tapgyry
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäniň energetika giňişliginde öz ornuny yzygiderli berkidýär. Ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak strategiýasy bu günki gün diňe bir milli bähbitlerimize däl, eýsem sebit we dünýä ähmiýetli durnukly ösüşe hyzmat edýär.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köpşahaly hyzmatdaşlyk täze taryhy tapgyra gadam basdy. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dünýäniň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» käniniň IV tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi, bu hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň nobatdaky subutnamasydyr.
Türkmenistan we Hytaý taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklary bolan döwletlerdir. Häzirki döwürde bu gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Energetika pudagy bu hyzmatdaşlygyň «altyn sütünidir». Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara ynanyşmak we deňhukuklylyk esasynda gurlan. Türkmenistan dünýäde iň ygtybarly gaz eksport ediji döwletleriň biri hökmünde ykrar edildi. Hytaý bolsa dünýäniň iň uly energiýa sarp edijisi bolup, bu özara bähbitli hyzmatdaşlyk iki tarapyň hem ykdysady ösüşini üpjün edýär.
«Galkynyş» gaz käni özüniň ägirt uly gorlary bilen dünýäniň energetika kartasynda möhüm orun tutýar. Bu gaz käniniň IV tapgyrynyň özleşdirilmegi diňe bir tehniki taslama bolman, eýsem uly ykdysady we syýasy ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň bu dabaraly çärä gatnaşmagy, döwletimiziň energetika syýasatynyň dowamatlylygyny görkezýär. Bu başlangyç Türkmenistanyň dünýä öňündäki energetika borçnamalaryna ygrarlydygynyň nyşanydyr.
Gazyň mukdarynyň artmagy, “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyryň işe girizilmegi bilen Hytaýa iberilýän «mawy ýangyjyň» möçberini artdyrmaga mümkinçilik döreder. “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyry özleşdirmekde iň döwrebap we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ulanylýar, bu bolsa durnukly ösüşiň talaplaryna doly laýyk gelýär.
Häzirki wagtda dünýäde energetika howpsuzlygy meselesi iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygy bu howpsuzlygy üpjün etmekde nusgalyk göreldedir. Gaz geçirijileriniň üsti bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstaşyr kuwwaty artýar. Tebigy gaz energiýanyň iň arassa görnüşleriniň biridir. Hytaýyň ykdysadyýetiniň «ýaşyl» energiýa geçmeginde türkmen gazynyň orny örän uludyr.
«Galkynyş» käniniň täze tapgyrynyň özleşdirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin täze itergi berýär we müňlerçe hünärmen we ýaşlar üçin täze döwrebap iş orunlary döredilýär. Gazyň eksportunyň artmagy döwlet gaznasyna goşmaça serişdeleriň gelmegini we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Çykarylýan goşmaça gaz milli senagatymyzyň, himiýa pudagynyň we elektrik energetikasynyň ösmegine binýat bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen badalga berlen «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyry, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň sarsmazlygynyň beýanydyr. Bu taryhy waka ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyryp, geljekki nesilleriň abadan durmuşy üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.
Durnukly ösüşe, parahatçylyga we ykdysady rowaçlyga gönükdirilen bu beýik işler, Türkmenistanyň dünýä durnuklylygynyň möhüm sütünine öwrülendigini ýene bir gezek subut edýär.
Abdyrahym AKORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.