28/03/2024
1419
ОЧЕРЕДНОЕ ФАКУЛЬТАТИВНОЕ ЗАНЯТИЕ ПО ЦЕЛЯМ УСТОЙЧИВОГО РАЗВИТИЯ
2024-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň wekilleri we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda öňe süren başlangyçlarynyň ýokary ähmiýeti, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler dogrusynda çykyş etdiler. Hususan-da, Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak baradaky başlangyjyň global ähmiýetlidigi nygtaldy.
Şeýle-de okuw sapagynyň dowamynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda howanyň global üýtgemeginiň zyýanly täsirlerini azaltmak boýunça alnyp barylýan işler, BMG-niň maksatlary we wezipeleri dogrusynda gürrüň edildi.
Gapbar HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy,
Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy.