30/11/-0001
581
Dünýäsi bir özbek bilen türkmeniň...
Garaşsyz hemişelik baky bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri bilen dostlukly, ysnyşykly gatnaşyklary alyp barýar. Muňa türkmen-özbek gatnaşyklaryny mysal getirse bolar. Häzirki wagtda Türkmenistan- Özbegistan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär. Iki ýurduň arasyndaky önümçilik pudagyndaky meseleler, serhetýaka etraplaryndaky gatnaşyklar dostlukly iki ýurduň arasyndaky möhüm meseleleriň biridir. Bulardan başga-da, türkmen-özbek gatnaşyklarynda ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy bölegini düzýär. Umuman, bir söz bilen aýdanyňda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar ysnyşykly ösýär. Medeni hyzmatdaşlyk barada aýdanymyzda, taryhy umumylyklar, ruhy-medeni däpler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mizemez sütüni bolup durýar.
Magtymgulyň owazynyň syry bar,
Iki goly tutan ýeke piri bar,
Özbegiňem Miralysy, Şiri bar,
Nowasy bir özbek bilen türkmeniň.
Şu ajaýyp goşgy setirlerinden görnüşi ýaly, ähli döwürde-de iki ýurduň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň, umumylyklaryň bolandygyna aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Daşoguz welaýatynda geçirilen türkmen-özbek festiwaly ýene-de iki ýurduň halklarynyň has hem doganlaşmagyna getirdi. Türkmenistanda “Daşkent” seýilgähiniň, Özbegistanda “Ashobod” seýilgähiniň gurulmagy ýokarda agzalanlaryň üstüni ýetirýär. Daşoguzyň keramatly topragynda şöhratly geçmişimizde ägirt uly işleri bitiren beýik şahsyýetleriň, pir-ulamalaryň, dünýäde deňi-taýy bolmadyk ýadygärlikler toplumy jemlenýär. Bu binalar ýagny, Köneürgenjiň, Aşyk Aýdyň piriň, Nejmeddin Kubranyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Mahmyt Pälwanyň, Nurmuhammet Andalybyň edebi mirasy biziň halklarymyz üçin has-da ähmiýetlidir. Gündogaryň beýik akyldarlary- Magtymguly Pyragy bilen Alyşir Nowaýynyň pähim-paýhasa, many-mazmuna ýugrulan, sünnälenen ajaýyp şygyrlary bu gün dostlugyň ajaýyp mekdebine öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyrdy. Bu iki ägirdiň dünýäniň genji-hazynasyna ýugrulan şygyrlary dillerimizde sena bolup ýaňlanýar, kalplarymyzyň törüne möhürlenýär.
Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmekde alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Aýnur HUDAÝBERGENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.