28/07/2026
526
Döwletlilik pelsepesiniň beýany
Her bir halkyň taryhynda onuň ruhy dünýäsini, döwletlilik ýörelgelerini we geljege bolan ynamyny özünde jemleýän aýratyn möhüm sahypalar bolýar. Ol bolsa döwletiň ösüş ýoluny kesgitläp, halkyň ykbalynyň, arzuwlarynyň we beýik maksatlarynyň bitewülige öwrülýän döwrüni alamatlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki ösüş ýolunda Halk Maslahaty hem şeýle taryhy ähmiýetli başlangyçlaryň biridir. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň 23-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bu hakykaty has-da aýdyň dabaralandyrar.
Türkmen halkynyň taryhy köklerine nazar aýlasak, agzybirlikde çözgüt kabul etmek, ýaşulularyň paýhasyna daýanmak, umumy bähbidi şahsy isleglerden belentde goýmak ýaly ajaýyp ýörelgeler asyrlar aşyp gelýär. Halk Maslahaty şol gadymy demokratik ýörelgeleri häzirki döwrüň döwlet gurluşynyň talaplary bilen utgaşdyrýan, türkmen döwletlilik pelsepesiniň täze eýýamdaky özboluşly beýany hökmünde ýüze çykýar. Şu jähetden, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň hem döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolandygyny buýsançly bellemek gerek. Bu mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy mazmunly çykyş edip, öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi, halkymyzyň agzybirligini we döwletimiziň ösüş kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Mejlisde şanly senä we möhüm taryhy waka ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp meselelerine garaldy. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň her bir çykyşynyň özeninde çuňňur döwletlilik garaýşy, halkyň ykbalyna bolan belent jogapkärçilik duýgusy bar. Milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleriniň esasy manysy diňe bir ykdysady ösüşi gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň iň gymmatly baýlygynyň — adamyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Şonuň üçin hem öňe sürülýän başlangyçlarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesillere giň mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ýaly belent maksatlar öz beýanyny tapýar.
Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir.
Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň parasatly garaýyşlary, ynsanperwer başlangyçlary we uzak geljegi nazarlaýan strategiýasy Türkmenistan döwletimiziň täze taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrdy, şäherlerimiziň keşbini özgertdi, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň ösüşine täze badalga berdi. Bu işler diňe bir şu günüň zerurlyklaryna däl, eýsem, geljek nesilleriň hem bagtyýar durmuşyna gönükdirilendir.
Döwlet, ilkinji nobatda, halkyň ynamy, agzybirligi we geljege bolan ruhy güýjüdir. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Halk Maslahatynyň ähmiýeti has-da aýdyň görünýär. Ol halkyň paýhasyny döwlet syýasaty bilen birleşdirýän, jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň pikirini umumymilli maksatlara gönükdirýän aýratyn bir syýasy-ruhy mekdepdir. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda Gahryman Arkadagymyz öňde durýan wezipeleri kesgitläp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary jogapkärçiligi, agzybirligi we döredijilikli zähmeti esasy şert hökmünde görkezdi. Berlen tabşyryklar ýurdumyzyň ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, halkyň teklipleriniň we islegleriniň giňden nazara alynmagyna gönükdirilendir.
Şu ýerde aýratyn bellärlikli zat, Halk Maslahatynyň işiniň häzirki meseleleri çözmek bilen çäklenmän, döwletimiziň geljekki ösüşiniň filosofiýasyny hem kesgitlemegidir. Sebäbi ösüş diňe bir täze binalaryň, kärhanalaryň ýa-da ykdysady görkezijileriň artmagy däl. Hakyky ösüş — bu halkyň ruhy taýdan jebisleşmegi, döwletine bolan ynamynyň artmagy, geljege bolan umydynyň berkemegidir. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary halkymyzyň taryhy tejribesine, milli gymmatlyklaryna we döwrebap ösüş ýörelgelerine daýanýar. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli syýasaty netijesinde döwlet bilen halkyň arasyndaky baglanyşyk täze mazmuna eýe boldy. Bu baglanyşyk ynama, hormata we umumy maksatlara esaslanýan berk ruhy köprüdir. Häzirki wagtda bu beýik ýol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Döwletimiziň ösüşiniň dowamlylygy, halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artmagy şol beýik başlangyçlaryň durmuşdaky aýdyň netijeleridir. Halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 27.07.2026 ý.
Последние новости
04/08/2026
Halkara hukugyň kadalaryna eýerip
01/08/2026
YNSAN SAGLYGY — DÖWLETIMIZIŇ BAŞ ALADASY