29/07/2023
729
Döwletliligiň, agzybirligiň, rowaçlygyň binýady
Döwlet syýasatymyzyň tutuş many-mazmunyny özünde jemleýändigini göz öňünde tutsak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletliligi berkitmegiň ähli jähetlerini hukuk taýdan kemala getirmekde, döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň hemme tapgyrlaryny guramaçylyk-hukuk taýdan esaslandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýeti bardyr.
Ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan pähim-paýhaslylyk mekdebini kämilleşdirmek, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däplerinden ugur alnyp we umumy ykrar edilen demokratik esaslara eýerilip döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkymyzyň millilik ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar. Şoňa görä-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dolandyryş çözgütleriniň ähmiýeti uludyr.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 20-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz ol mejlisde eden taryhy çykyşynda: «Elbetde, Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uly bolmalydyr» diýip belledi hem-de amala aşyrylýan işleriň kadalaryny anyk kesgitledi. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu kadalar demokratiýadan, aýanlykdan, adalatlylykdan, kanunyň hökmürowanlygyndan, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmakdan, adamyň, raýatyň kanunyň öňündäki deňliginden, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmakdan, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de kabul etmekden, jemgyýetçilik pikirini nazara almakdan ybaratdyr.
Ýadyňyzda bolsa, ýakynda, has takygy, 18-nji iýulda hem türkmen haalkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirilip, onda taryhy ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Hususan-da, mejlisiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek babatynda edilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu taryhy mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlarynyň kabul edilmeginiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň döredilmeginiň ýurdumyzyň dolandyryş ulgamynyň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek.
Şeýlelikde, döwletliligiň, agzybirligiň, abadançylygyň, rowaçlygyň berk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhyny, alyp barýan işleriniň köpugurlydygyny, onuň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, hukuk esaslaryny ylmy taýdan esaslandyryp, wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmek biz — professor-mugallymlaryň mukaddes borjudyr.
Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň esaslaryny berkitmäge mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ogulgurban EZIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
“Nesil” gazeti 29.07.2023
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI