30/12/2023
1033
Diplomatiýa näme?!
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, ýurdumyzda diplomatiýa bagyşlanan okuw kitaplary, okuw gollanmalary peýda bolup başlady. 2012-nji ýylda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi, taryh ylymlarynyň doktory, professor Amangeldi Rahmanowyň «Diplomatik gullugyň esaslary» atly okuw kitaby ilkinji gezek neşir edildi. Bu kitap turuwbaşdan Türkmenistanyň Prezidentiniň, diplomatlaryň, pedagogiki we ylmy jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
2021-nji ýylda bu kitabyň täzeden işlenen we üsti doldurylan ikinji neşiri çap edildi. Onda diplomatiýanyň meselelerine has düýpli we giňişleýin seredilip geçildi, şeýle hem «diplomatiýanyň döwletiň daşary syýasatyny amala aşyrmagyň iň möhüm serişdesi bolup durýandygy»; «diplomatiýanyň döwletiň daşary syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmak, daşary ýurtlarda döwletiň, onuň edaralarynyň we raýatlarynyň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça döwlet we hökümet baştutanlarynyň, daşary işler ministrleriniň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalardaky, maslahatlardaky wekiliýetleriň resmi işidigi»; «diplomatiýanyň halkara gepleşiklerini alyp barmagyň sungaty bolup durýandygy» ýaly kesgitlemeler bilen baýlaşdyryldy.
Şol bir wagtyň özünde hem diplomatiýa hiç bir kär bilen deňeşdirip bolmajak seýrek kär bolup durýar, şeýle hem onuň köp ölçegli ähmiýeti bardyr. Şu jähetden, awtor «diplomatiýa» adalgasy babatda özüniň ýokarda getiren kesgitlemeleriniň entek tükenikli bolmazlygynyň ahmaldygyny belläp geçýär we muny subut etmek üçin täze delillere ýüzlenýär.
Mysal üçin, diplomatiýa «ylalaşyp bilmegiň sungaty» ýaly has doly we diýseň jaýdar kesgitleme hem berlip bilner. Üstesine-de, bu kesgitleme diplomatlara daşary syýasy meseläni çözmegiň mundan başga täsirli we howpsuz usulynyň ýokdugy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da biz, hakyky diplomatiýa «ýaragsyz ýeňiş gazanmagyň sungaty» hökmünde hem seredip bileris. Diplomatiýa şeýle kesgitlemäniň berilmeginiň esasy maksady bolsa, awtoryň pikiriçe, hemme zady öz içine alýan parahatçylygy berkarar etmek bolup durýandyr.
Şu ýerde diplomatiýa babatda awtoryň öz esasy hususy pikiri bilen tanyşmak hem gyzykly bolsa gerek. Şol kesgitlemä laýyklykda, «diplomatiýa — munuň özi halkara gatnaşyklar baradaky ylymdyr we gepleşikleri alyp barmagyň sungatydyr. Diplomatiýa parahatçylykly serişdeler arkaly amala aşyrylmalydyr, onuň maksady we wezipesi döwletiň, onuň raýatlarynyň bähbitlerini goramakdyr, üpjün etmekdir. Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy diňe bir tarapyň däl, eýsem, taraplaryň ählisi bilen bähbitleriň umumy nokatlaryny tapmaga borçludyr».
Diplomatiýanyň döwletiň halkara işlerindäki umumy ugry bolup durýan daşary syýasatyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny ýene bir gezek nygtap geçeliň. Daşary syýasat diplomatiýanyň maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýär. Şunlukda, diplomatiýa «Daşary syýasy meseleleri nädip üstünlikli çözmeli?» diýen soraga jogap berýär. Başga sözler bilen aýtsak, onda diplomatiýa özüne mahsus bolan serişdelerden, tärlerden we usullardan döredijilikli peýdalanmak bilen daşary syýasy meseleleri çözmelidir.
Şu ýerde geljekki türkmen diplomatlarynyň daşary syýasatyň amala aşyrylýan ähli ýerinde diplomatiýanyň hem bolýandygyny ýatdan çykarmazlyklary möhümdir. Şeýle hem söhbetdeşliklerde, forumlarda daşary syýasatyň ýa-da diplomatiýanyň — bularyň haýsysynyň agdyklyk edýändigi barada anyk bir zat aýtmagyň kyn bolýan wagtlarynyň az bolmaýandygyny tejribe görkezýär. Şeýle ýagdaýlarda şol hadysalaryň, ozaly bilen, daşary syýasy hadysalar diýlip atlandyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny hem belläp geçeliň.
Diplomatlaryň daşary syýasy meseleleri çözmek maksady bilen, alyp barýan çekişmeleri we maslahatlaşmalary belli bir manyda bäsdeşlik we hyzmatdaşlyk häsiýeti bolan sport olimpiadalara gatnaşyjylaryň ýaryşlaryna meňzeýär. Ýöne olaryň soňkulardan esasy tapawudy, ol hem diplomatlaryň bäsdeşliginiň intellektual, akyl görnüşli ýaryş bolup durýanlygydyr (munuň özi, elbetde, sportda beden başarnygy esasy bolsa-da, onda akylyň zerur däldigini asla aňlatmaýar) we onuň maksady gepleşiklerde ýokary daşary syýasy, diplomatik netijeleri gazanmakdan ybaratdyr. Şu jähetden, geljekki türkmen diplomatlarynda amaly diplomatiýanyň meselelerini üstünlikli çözmek endiklerini kämilleşdirmek uly ähmiýete eýe bolýar. Muňa olaryň amaly diplomatiýanyň meselelerini pikir ýöretmek, nazary taýdan çözmek bilen hemişe meşgul bolmaklary hem oňaýly ýardam eder.
(Dowamy bar).
Amangeldi RAHMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
Türkmenistanyň ussat diplomaty,
professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI