485
Diplomatiýa — abadançylygyň guraly
Diplomatiýany beýleki kärlerden we hünärlerden düýpgöter tapawutlandyrýan zat hem onuň dünýewiligi, ynsanda ynam duýgusyny döretmekligi, ynsanperwerlige we adamkärçilige ýugrulan oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemesi, şeýle-de geljekki öňde goýan maksatlaryňa ýetmäge höweslendirmesidir. Diplomatiýa ýoluna öz ykballaryny baglan her bir adam bu ýagdaýa juda aýdyňlygy bilen göz ýetirýär. Ýurdumyz öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer ugurlara nazarlanan halkara diplomatiýany alyp barýar. Daşary döwletler bilen syýasy gatnaşyklarda Türkmenistan dostluk-doganlyk, ykdysady ösüş, halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýaly möhüm ugurlary nazarlaýar.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we artdyrmak baradaky teklipleri hem-de amala aşyrýan işleri dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. 2012-nji ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça «RIO+20» maslahatynda, BMG-niň Baş Assembleýasynyň 70-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça BMG-niň Sebit merkezini açmak, Araly halas etmek boýunça BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraplaýyn täsirli guralyny döretmek baradaky, sebitiň ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda energetika ulgamynda täze «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary hödürledi. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli we sebitleýin derejede durmuşa geçirilýän hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, BMG-niň ösüş maksatnamasy, BMG-niň ylym-bilim,medeniýet baradaky guramasy, Global Ekologiýa gaznasy, Bütindünýä tebigaty goramak bileleşigi ýaly düzümler tarapyndan goldanylýan onlarça taslamalar we maksatnamalar amala aşyrylýar. Oňa mysal edip, «Hazar ekologiýa maksatnamasyny«, «Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw we daşky gurşawy goramak ulgamynda milli we sebitleýin meselelerini çözmekde hyzmatdaşlyk we bilelikde işlemek», «Daşky gurşawy goramak, energetika we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak»,«Çölleşmä garşy göreşmek boýunça milli maksatnamany» we beýlekileri görkezmek bolar. Türkmenistan tebigaty goramak babatda halkara resminamalarynyň onlarçasyny tassyklap, BMG-niň birnäçe Konwensiýalaryna – Biologik dürlülik hem-de Çölleşme garşy göreş, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar, howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek hakynda Bazel, Klimatyň üýtgemegi boýunça täze halkara ylalaşyga, Ozony dargadýan maddalar babatdaky Monreal hem-de Biohowpsuzlyk baradaky Kartahen beýanyna goşulyp, tebigaty goramak ulgamynda öz üstüne ýüklenen halkara borçlaryny doly berjaý edýär.
Halkara gatnaşyklary ulgamynda bitaraplygyň dürli görnüşleri, halkara-hukuk derejeleri, maksatlary we amala aşyrylyş usullary mälimdir. Munuň özi dünýä syýasatynyň we diplomatiýasynyň asyrlarboýy toplap gelýän tejribesini baýlaşdyrýar. Bitaraplygyň görnüşleriniň we durmuşa geçiriliş usullarynyň kämilleşmegi dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine we her döwrüň özüne mahsus taryhy şertlerine laýyklykda bolup geçýär. Şeýle bolsa-da, onuň mazmuny we maksatlary parahatçylyga ýardam bermek, halkara ulgamynda
dartgynlygy peseltmek we özara ynanyşma esasyndaky hyzmatdaşlygy alyp barmak bolup galýar. Bu babatdan bolsa, Bitaraplygyň mümkinçilikleriniň mydama-da uly bolup galýandygyna göz ýetirse bolýar. Bu ýöne ýerden däldir, sebäbi Bitarap döwlet halkara meselelerine milli we ählumumy bähbitleriň utgaşmagy nukdaýnazaryndan çemeleşmek bilen birlikde, zerur çözgüdi kabul etmekde Garaşsyz, özbaşdak we erkin bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz özüniň «Bitarap Türkmenistan» kitabynda şeýle belleýär: «Biziň döwletimiz 1991-nji ýylyň kynçylykly şertlerinde özbaşdak ösüş ýoluna düşdi. Şol wagta çenli hereket eden halkara gatnaşyklarynyň ähli mehanizmi hakykatda tutuşlygyna togtapdy. Her birimiziň bilşimiz ýaly, garaşsyzlygyň aýdyň ýoluna düşen islendik ýurduň örän gysga pursatda çözmäge
mejbur bolan ägirt köp meseleleri bolýar. Türkmen döwleti üçinem
täze durmuşda öz ornuny gözlemek, taryhyň öz öňünde goýýan kanunalaýyk soraglaryna jogap bermek zerurdy. Şonuň üçin-de çylşyrymly şertlerde daşary syýasat ugruny saýlamak biziň üçin iň kyn we iň çylşyrymly mesele bolupdy». Ýönekeý bolmadyk şertlerde daşary syýasat strategiýasyny saýlap almak taryhy we ykbal kesgitleýji çözgüt bolup durýar. Garaşsyz Döwletiň halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly subýekti hökmünde daşary-syýasy erke eýedir we özüniň milli bähbitlerine we ählumumy kabul edilen kadalara laýyklykda hereket edýär.
Bitaraplyk syýasaty ilkinji nobatda Bitarap döwletiň öz milli bähbitlerine laýyklykda halkara giňişliginde alyp barýan daşary-syýasy strategiýasyny aňladýar we onuň düýp mazmuny uruş hereketlerine gatnaşmazlyk, harby bloklara we birleşmelere goşulmazlyk, öz çäklerinde daşary ýurt harby bazalaryny we goşunlary ýerleşdirmezlik ýaly ýörelgeleri iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglydyr. Dürli döwürlerde dörän bitaraplyk ýörelgeleriniň mazmuny degişli döwletleriň anyk taryhy we halkara-syýasy şertlere görä öz üstlerine alan borçnamalary we olaryň halkara-hukuk derejeleri bilen kesgitlenilýär.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Gahryman Arkadagymyzyň «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynda sözlän sözünde şeýle diýdi: «Häzirki döwürde biz Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmekde oňyn tejribe topladyk. Şoňa görä-de, Bitaraplyk ýörelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna gowy düşünýäris. Biz halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgesiniň ylmy-nazary esaslaryny we tejribesini netijeli ulanmaly diýip hasap edýäris. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp barylýan, anyk maksada gönükdirilen we ulgamlaýyn işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmeli diýip pikir edýäris. Şundan ugur alyp, Türkmenistan halkara hukukda we halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Halkara merkezi döretmek meselesine seretmegi teklip edýär». Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerinde çuňňur many bar we halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatyny ylmy-teoretik esaslarda öwrenmegiň derwaýyslygyny aýdyň görkezýär. Türkmenistanyň toplan tejribesi we onuň halkara ulgamynda alyp barýan işleri bitaraplyk syýasatynyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda, jedelleri we dawalary oňyn kadalaşdyrmakda netijeli gural bolup durýanlygyny subut edýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz ýaşlar ylym-bilimimizi kämilleşdirip, Watanymyza wepaly bolup ýetişmelidiris. Häzirki wagtda dünýä ülňülerine gabat gelýän innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdepleri Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň aýdyň geljegi üçin edýän tagallalarynyň aýdyň mysalydyr.
Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky
ýöriteleşdirilen umumybilim berýän
mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI