29/11/2023
716
Diplomatik bilimlerini berkitdiler
Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlaryndan we talyplaryndan düzülen topar Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynda okuw saparynda boldy. Munuň özi diplomatik ulgamda tejribe alyşmak babatda alnyp baryljak işleriň gerimini mundan beýläk-de giňeltmekde başlangyç ädimdir.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň özara gatnaşyklary hem munuň aýdyň mysalydyr. Şunda, esasan, diplomatik işgärleri taýýarlamakda birek-biregiň tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi özara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ilerletmegiň ýolunda täze mümkinçilikleri açdy.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary Abu-Dabide bolmagynyň çäklerinde, ilkinji nobatda, Diplomatik akademiýada alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Tanyşlygyň dowamynda Halifa Bilim we tehnologiýalar uniwersitetiniň professory Diana Frensis ýörite okuw sapagyny geçip, häzirki wagtda adamzadyň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meseleleri, hususan-da, çölleşmäniň, suw joşgunlarynyň, gurakçylygyň we beýleki tebigy hadysalaryň ýetirýän ýaramaz täsirleri barada gürrüň berdi. Şunda dekabr aýynda Dubaýda geçirilmegi meýilleşdirilýän «COP-28» maslahatynda ara alnyp maslahatlaşyljak meselelere-de üns çekildi. Talyplaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine garşy göreşmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw meselelerini netijeli çözmek barada toparlara bölünip özara pikir alyşmaklary okuw sapagynyň täsirliligini has-da artdyrdy. Saparyň dowamynda syýasatşynas Halfan Al Suwaid talyplara daşary syýasat, ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky tejribeler hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň taryhy, häzirki ýagdaýy barada berlen maglumatlar hem gyzykly boldy. Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýanyň professory Muhammad Olimatyň dünýädäki geosyýasy, geoykdysady ýagdaýlara bagyşlanan okuw sapagy, öz gezeginde, geljekki diplomatlar üçin halkara syýasat bilen bagly bilimlerini, gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Täsirli geçen sapagyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.
Dostlukly ýurduň diplomatik ugurly bilim ojagyna guralan okuw sapagynyň çäklerinde institutyň mugallymlarydyr talyplary Abu-Dabi şäheriniň gözel künjekleri bolan Şeýh Zaýed metjidine, «Luwr Abu-Dabi» medeni desgasyna, «Kasr Al Watan» Prezident köşgüne, «Kasr Al Hosan» ýadygärligine baryp gördüler. Munuň özi BAE-niň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, gadymy we häzirki zaman sungat eserleri bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Döwletleriň arasynda ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, biz — talyp ýaşlaryň dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň öňdebaryjy tejribelerini giňden öwrenmegimiz, saýlap alan hünärimiz boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmegimiz ugrunda ähli şertleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI