30/11/-0001
581
Buýsanjymyz — Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Ata-babalarymyzyň dilleriniň senasyna öwrülen mukaddes arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň dörändigi baradaky habar dünýä ýaň saldy. Akyldar Magtymgulynyň kalbynda beslän ajaýyp eýýamy türkmen iliniň ykbalyna şugla saldy. Şol ajaýyp ýalkymyň saýasynda bolsa, türkmen ili gurdy, döretdi, dünýä ýurtlaryna ýakyna-alysa ýol saldy, dost- doganlyk gatnaşyklaryny kemala getirdi.
Şeýle eziz görülýän Garaşsyzlyk türkmen ilini ajaýyp eýýama ýetirdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly senesi uly buýsanç bilen belleniler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren bagtyýar zamanasynda bu mukaddes şanly sene Diýarymyzyň ähli künjeklerinde uly üstünliklere barýandygy has-da buýsandyryjydyr. Dünýäniň ösen döwletleri bilen alyp barýan berkarar Diýarymyzyň önümçilik binýady hem has-da pugtalanýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan içerki önümçilik harytlarymyz bu günki günde ak bazarlarymyzy doldurýar. Bu gazanylýan üstünlikler bolsa döwletimiziň içerki haryt bolçulygyna hem-de daşary ýurtlara ugradylýan önümleriniň artdyrylmagyna getirer. Taryhyň gatlarynda Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan güneşli Diýarymyz dünýäniň dost-doganlyk ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi. Älem içre uzaýan dostluk ýollary üstaşyr geçirijileriň we ulag-logistika ulgamynyň geriminiň giňelmegi ösüş depginimizi belent sepgitlere ýetirer. Edil şanly Garaşsyzlygymyz bilen utgaşykly, türkmen Bitaraplygynyň hem şu günki güne çenli beren miweleri barmak basyp sanardan kän. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen ýurdumyz möhüm halkara-hukuk resminamalarynyň ençemesine goşuldy we olary talabalaýyk berjaý edýär.
Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk güneşli Diýarymyzyň ösüşinde goşalanmak bilen türkmen halkynyň belent sepgitlere ýetmegine eýe boldy. Bitaraplyk, dawa-jenjellere goşulyşmazlyk, tarap çalmazlyk, asudalyk we ýurduň ykdysady hem syýasy taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňemegine, hoşniýetli dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha ynamly ýola goýulmagyna itergi bermekdir. Şol sanda Garaşsyzlyk hem bir zada garaşly bolmazlyk, özygtyýarlylyk, özbaşdaklyk. Gazananlarymyzyň netijesinde ýurdumyzda halkara ylmy-amaly maslahatlar, forumlar, daşary döwletlerde Türkmenistanyň medeniýet günleri yzygiderli geçirilip durulýar. Biziň döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletara gatnaşyklarynda deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we başga döwletleriň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy BMG-niň resminamasynda kesgitlenişi ýaly, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we ony berkitmek maksatlaryna gulluk edýär.
Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatlanmagynda, dünýäde tanalmagynda, onuň halkara bileleşiginde uly abraýdan peýdalanmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk – agzybirligiň, abadançylygyň, asuda ýaşaýşyň, ýagty geljegiň kepilidir. Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, çalt we yzygiderli ösüşlere, şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy döwrebaplyk bilen dowam etdirmegimize gönükdirilen tutanýerli özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany » diýlip atlandyryldy. Bu ýylyň şygarynda hem çuň many bar. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri düzýär. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär.
Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Goý, milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýikden beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy hem güneşli Diýarymyzda uly şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar. Şahyryň şygrynda wasp edilişi ýaly her bir türkmen ili kalby uly hyjuwly, buýsanç bilen şanly toýumyza barýar.
Dönüp bagt ýüregimiň göwher gaşyna
Garaşsyzlyk ýetdi 30 ýaşyna
30 ýylda geçdik asyrlyk ýoly
Ýoluň her ädimi ýeňişden doly.
Arkadag baş bolup eziz halkyna
Ähli ugurda işler geldi galkyna
Berkarar döwletiň bagtyýar döwri
Türkmeniň eşrete, bagta ýar döwri.
Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn!
Gaýgysyz Kerimow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI