756
Bütündünýä hat-ýazuw güni
23-nji Ýanwarda Bütündünýä hat-ýazuw güni (National Handwriting Day) bellenip geçilýär. Bu bolsa her bir adamzadyň durmuşynda hat-ýazuwyň nähili zerurdygyny tassyklaýar. Ähli adamlar öz hat-ýazuwy bilen gutlag sözleri, hoşallyklaryny bildirip owadan ýazuwly hatlaryny ýakynlaryna ýollap bilýärler. Bu bolsa entägem hat-ýazuwyň bardynygy, şeýle hatlary alan adamlaryň nähili bagtly bolýandygyny, hemişe ýadygärlik saklap biljekdiklerini tassyklaýar. Biziň şu günki ýaşaýyş durmuşymyzda kompýuter tehnologiýalarynyň, internet ulgamynyň ösmegi, sanly ulgamyň aralaşmagy bilen adamlar SMS diýen elektron hat alşyp berişmegi öz durmuşynda wajyp ulgamyň birine öwürdiler. Elbetde,bu wagtyň çäklendirilmegi bolup biler, ýöne biz özümiziň hat-ýazuwdan örän gowy başymyzyň çykýandygyny ýatdan çykarmalyň.
Hat-ýazuwyň ilkinji döwrüni ýatlasak onda ol takmynan bäş ýarym müň ýyl mundan ozal Gündogar Mesopatamiýada ýaşaýan şumerler tarapyndan oýlanylyp tapyldy we ýazuw bilen birlikde şumer dili hem birinji dil boldy. Soňra “Grafologiýa” atly ýörite ylym döreýär. Ilkinji bolup bu ylmy girizen Fransuz ruhanysy Jon Ippolit Mişoner. 1875-nji ýylda I. Mişoner grafologiýa adalgasyny ulanyp hat - ýazuw we ony öwrenmegiň usuly diýen işini döredýär. Grafologiýa -grek sözünden gelip çykyp “grafo”- ýazmak, “logos”- öwrenmek diýen manyny aňladyp, ýazuwyň üsti bilen adam häsiýetleriniň arasyndaky baglanşygy öwrenýär. Şeýlelikde, adamlaryň ýazuwunyň üsti bilen häsiýetleri hem öwrenilip başlanýar.
Bütündünýä hat-ýazuw gününi bellemek bolsa 1977-nji ýylda (Writing Instrument Manufacturers Association) Ýazuwa Degişli Gurallary Öndirijiler Birleşigi tarapyndan hat-ýazuw sungatynyň ussatlyk hökmünde ýitip barýandygyny duýup başlandan soň bu güň Bütündünýä hat-ýazuw güni diýip, yglan edildi. Bütündünýä hat-ýazuw gününiň maksady her bir adama hat-ýazuwyň üýtgeşikligi we hemişe ýazmak endigini ýitirmezligi üçin döredildi. Şondan bäri hem hat-ýazuw güni bellenip gelinýär. Häzirki wagtda hembiziň durmuşymyzda ýazuwy öz ellerimiz bilen ýazýan wagtlarymyz bolýar. Käbir ylmy maglumatlara görä, elde hat ýazmaklyk biziň kelle myşsalarymyzyň we aňymyzyň ösmegine-de uly täsiri bar. Şonuň üçünhem, haty mümkin boldugyndan elde ýazmaklygy dowam edeliň we onuň hiç wagt aramyzdan ýitmegine ýol bermäliň!
Gunça HAMEDOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň
Halkara gatnaşyklaryInstitutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby