30/11/-0001
686
Bütindünýä welosiped güni: welosiped sportuny ösdürmegiň ýoly!
Däp bolşy ýaly, her ýylyñ 3-nji iýunynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyñ başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçilýär. 2018-nji ýylda BMG-niň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasynyň kabul edilmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjynyň örän wajypdygyna hem-de möhüm ähmiýete eýedigine doly şaýatlyk edýär.
BMG-niň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy türkmen halkynyñ bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Saglyk we sport, ekologiýa abadançylygy hem-de durnukly ösüş biri-biri bilen berk baglanyşykly düşünjelerdir. Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş, daşky gurşawa aýawly garamak ýörelgelerini pugtalandyrmak maksady bilen, bütindünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryň birnäçesiniň we şonuň bilen birlikde, peýdaly däpleriň, ýagny, watandaşlarymyzyň müňlerçesini — ähli ýaşdaky we hünärdäki wekilleri birleşdirýän welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek däbiniñ ýola goýlandygyny görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziñ baştutanlygynda amala aşyrylýan öňdengörüjilikli döwlet strategiýasynyň netijesinde häzirki wagtda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketi Türkmenistanda giň gerime eýe boldy. Welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn artýar. Sportuň bu görnüşi, sözüň doly manysynda, ýurdumyzda täze galkynyşa eýe boldy.
Şeýle hem, welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tebigatyň gözelliklerine we ajaýyplyklaryna syn etmäge mümkinçilik berýär. Halkara pikir alyşmalaryň netijesinde welosipediň adamzadyň iň ajaýyp oýlap tapyşlarynyň biri hökmünde ykrar edilendigi tötänden däldir. Arassa howada, aýratyn hem säher çagynda gezelenç etmek goşmaça güýç-gaýrat, ylham berýär.
Saglygyňy berkitmegiň, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmagyň iň gowy serişdesi hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormartly Prezidentimiziň bedenterbiýä we sporta garaýşy durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar. Bu syýasatyň esasy maksady halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleri üpjün etmekden, sagdyn we ruhubelent nesli terbiýelemekden ybaratdyr.
Hatyja DÖWLETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI