05/10/2024
1053
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI
Mugallym islendik adamyň durmuşynda aýratyn uly orun tutýar. Her bir mugallym okuwçylary öz maksatlaryna ýetmeklerinde, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de şahsyýet hökmünde durmuşda öz ornuny tapmaga ruhlandyrýar. Bu beýik ynsanlar elbetde dünýä derejesinde ýatlanmaga we gutlanmaga mynasypdyrlar. Şu nukdaýnazardan hem 1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji oktýabrynda Bütindünýä mugallymlar güni ÝUNESKO-nyň çäginde aýratyn ruhda we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli dürli çäreler, maslahatlar gurnalýar we her ýylyň görnükli mugallymlary sylaglanylýar.
Bu halkara gününiň başlangyjy 1966-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Parižde geçirilen mugallymlaryň ýagdaýy boýunça ýörite hökümetara konferensiýa bilen baglydyr. Geçirilen bu maslahatda ÝUNESKO we Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan Mugallymlaryň ýagdaýy baradaky Teklip kabul edildi. Onda mugallymlaryň borçlary we jogapkärçiligi bilen bagly düzgünler kesgitlenilen.
Her ýylyň 5-nji oktýabrynyň Bütindünýä mugallymlar güni diýlip yglan edilmegine ÝUNISEF, BMG-niň Ilat gaznasy we beýleki guramalar hem goşuldylar. Bütindünýä mugallymlar gününi bellemegiň esasy maksady jemgyýete goşan goşantlaryny belläp geçmek, jemgyýetiň aňynda bu mukaddes käre höwes döretmek we sagdyn aň düşünjeli tejribeli ýaş mugallymlary ýetişdirmek bolup durýar. ÝUNESKO üçin esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri ýokary hünär derejeli mugallymlary taýýarlamak işini giňeltmek bolup, onuň mugallymlary taýýarlamak işi dört sany esasy ugra gönükdirilendir. Olar: mugallymçylyk hünäri bilen baglanyşykly halkara düzgünlere gözegçilik etmek; mugallymçylygyň strategiýasyny işläp düzmekde agza döwletlere goldaw bermek; okatmagyň we öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikleri artdyrmak; maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegi üçin bilim berlişini ýokarlandyrmak.
Bütindünýä mugallymlar güni dünýäniň köp ýurtlarynda dürli senelerde bellenilip geçilýär. Mysal üçin, Malaýziýada 16-njy maýda, Hindistanda 5-nji sentýabrda, Hytaýda 10-njy sentýabrda, Argentinada 11-nji sentýabrda, Braziliýada 15-nji oktýabrda, Türkiýede 24-nji noýabrda bellenilýär. Umuman, bu sene halypa-mugallymlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirmek we olary ýatlamak üçin ajaýyp senedir. Her bir ynsanyň kämil, giň dünýägaraýyşly şahsyýet bolup ýetişmegi üçin halal zähmet çekýän mugallymlarymyzy we biz üçin durmuş mekdebi bolup durýan halypalarymyzy hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Последние новости
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI