10/08/2024
1513
Buşluk, talyp boldum!
«Yhlas edip aglasaň, sokur gözden ýaş çykar». Men bu sözleriň manysyna has çuňňur akyl ýetirdim. Çünki men heniz mekdep partasynda wagtym, talyp bolmak barada arzuw edýärdim. Şonuň üçin hem men daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenýärdim. Men ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyrynda taryh dersi boýunça 2-nji orna mynasyp boldum. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş diplomatlar» mekdebiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň 2-nji möwsüminiň ýeňijisi boldum. Ine, bu günki gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda arzuwym hasyl boldy. Men bu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň bagtyýar talyby boldum. Bize okamaga, döretmäge, ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallygymy bildirýärin.
Güljan SERDAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminde III ornuň eýesi.