30/09/2023
612
Bu ýol — milli döwletliligiň ýoly
Bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalary bilen şöhratly taryhymyzyň buýsançly sahypalary dowamat-dowam tapýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan tarapyndan bütin dünýäde parahatçylyk we ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň ilerledilmegi ugrunda işjeň hem-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň abraýyny hem-de mertebesini belende götermek, adam hakdaky alada Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýän ýoldur. Bu ýol dünýä derejesinde dabaralandyrylýan türkmeniň milli döwletliliginiň ýoludyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýaşlar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhyna, ýaş nesliň borçlaryna bagyşlanan umumy sapagy geçmegi hem taryhy gymmata eýe boldy. Hormatly Arkadagymyzyň halkymyzyň müňlerçe ýyllyk taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar, berkarar döwletimiziň saýasynda ýurdumyzyň raýatlarynyň her biriniň öňünde durýan wezipeler, şunda ýaş nesliň borçlary baradaky örän aýdyň, watançylyga ýugrulan, çuňňur many-mazmunly sapagy hakydamyzda hemişelik galar.
Bilişimiz ýaly, ata-babalarymyz geçen müňlerçe ýyllyk taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdir. Bu gün türkmen halky ýene öz berkarar döwletiniň saýasynda bagtly durmuşyň hözirini görýär. Milli Liderimiz umumy sapagynda bu babatda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk gazanylan esasy üstünlik hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip, jaýdar belledi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýdy, hyzmatdaşlygyň täze, netijeli ugurlaryny kemala getirmek babatda nusgalyk tejribe toplady. Biziň şu döwürdäki ösüşlerimiz hem, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen maddy we medeni mirasymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hem dünýäde uly gyzyklanma döredýär.
Parahatçylygyň dünýädäki iň uly gymmatlykdygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolandygyny nygtady. Şeýle-de hormatly Arkadagymyzyň şu okuw ýylynyň ilkinji gününde geçen umumy sapagynyň barşynda ynsanyň terbiýe mekdebi dogrusynda durup geçendigini hem bellemelidiris. Hususan-da, Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda her bir ynsanyň bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli gymmatlyk bolan terbiýäniň on iki görnüşine üns çekýär. Olar:
1) watançylyk terbiýesi;
2) döredijilik we zehin terbiýesi;
3) akyl we pikir terbiýesi;
4) ylym terbiýesi;
5) medeni aň-düşünje terbiýesi;
6) kär-hünär terbiýesi;
7) sungat terbiýesi;
8) syýasy terbiýe;
9) maliýe-ykdysady terbiýe;
10) jemgyýetçilik terbiýesi;
11) dil terbiýesi;
12) ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi.
Aslynda, terbiýe, ylmy nukdaýnazardan kesgitlenende, ynsanyň özüni alyp barşyny kesgitleýän, şonuň ýaly-da, adamyň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygyny üpjün edýän bitewi ruhy güýç bolup durýar. Terbiýe ynsanda oňyn gylyk-häsiýetleriň kemala gelmegini üpjün edip, onuň duýgy-düşünjesine, üşügine, ukyp-başarnygyna görä jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam edýär.
Kär-hünär terbiýesi bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Hünär meselesi – adamyň ykbaly. Ykballar birleşip, halkyň ykbalyny emele getirýär. Halkyň ykbaly bolsa ýurduň, döwletiň ykbalydyr» diýip örän jaýdar belleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen duşuşygynyň, umumy sapagynyň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň özünde-de uly many bar. Bu ajaýyp şäheriň haýran ediji gözelligi, Gahryman Arkadagymyz bilen bolan şol taryhy duşuşygyň ýakymy bilen biziň ömrümize ynam bolup, yhlas bolup, şu nurana durmuşa söýgi bolup siňdi.
Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Döwletgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI