01/11/2024
671
BITARAP ÝURDUMYZY BUÝSANJA BESLÄN HOŞ HABAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde hälimi-şindi Türkmenistanyň başlangyjy bilen möhüm ähmiýete eýe kararnamalaryň kabul edilýändigi hem tassyklaýar. Golaýda hem ýurdumyza şeýle hoş habarlaryň biri gelip gowuşdy. Has takygy, 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.
Soňky ýyllarda Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde ykrar edilmegi ugrunda alnyp barylýan tagallalar has-da işjeňleşdirildi. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň formaty berkedi. Şol sanda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler Jarnamasynyň kabul edilmegi, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilip, Merkezi Aziýanyň ýaşlar forumynyň döredilmegi we bu tagallalara Bitarap Watanymyzyň mynasyp goşant goşmagy ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny has-da beýgeldýär. Bu gün Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda, sportda we beýleki ulgamlarda dialoglaryň dürli görnüşleriniň öňe sürülmegi sabyrlylyk, birek-birege hormat, ylalaşyklylyk esasynda bilelikdäki işleriň ilerledilmegine ýardam berýär.
Garaşsyz Türkmenistan netijeli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, ilkinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmen halkyny goňşy ýurtlaryň halklary bilen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylyklary, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, birek-birege goldaw bermek däpleri baglanyşdyrýar. Mundan sanlyja gün ozal kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama hem Türkmenistanyň mundan beýläk-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydygyny doly subut edýär. Mahlasy ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramyna barýan günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen biragyzdan kabul edilen bu Kararnama ata Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygyny görkezýär.
Mähriban GANDYMOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.