30/11/-0001
673
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dabaralanmasy
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy Ata-Watanymyzyň daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgesi bolup, diplomatiýanyň ähli ileri tutulýan ugurlaryny, ýörelgelerini we wezipelerini utgaşdyrýar. Bu Konsepsiýa Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda täze filosofiýany parahatsöýüjilik hem-de ynsanperwer gymmatlyklary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen-rus gatnaşyklary strategiki häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, halkara ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä döwletlerinde parlament diplomatiýasy ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny halkara giňişliginde ýaýmakda nusgalyk tejribe toplanyldy, şonuň çäklerine parlament diplomatiýasyna aýratyn orun berilýär.
2022-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň gol çeken strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada beýan edilen ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmakda köpugurly işler amala aşyrylýar. Muňa mysal edip, 2023-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda Türkmenistana resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň gelmegini bellemelidiris. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi, saparyň çäklerinde türkmen-rus işewirlik maslahaty hem geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklar täze başlangyçlary we taslamalary işläp taýýarlamaga güýçli itergi berdi.
Ata Watanymyz-bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda amal edýän täze filosofiýasy parahatçylygy, ynanyşmagy, dialogy, dost-doganlyk gatnaşyklarynda dünýäde ykrar etmekde nusgalyk başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 68 döwletiň awtordaşlygynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda, ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi we “2023-nji ýyl -Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip atlandyrylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm taryhy wakasynyň, agzybirligiň, abadançylygyň, rowaçlygyň nyşany bolandygyny uly buýsanç bilen maslahata gatnaşyjy hökmünde belläsim gelýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda eden taryhy çykyşynda: “Döwletimiz geljekde-de sebit we dünýä derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde işjeň orny eýelemelidir, dürli teklipler bilen çykyş etmelidir” diýip belledi.
Parahatçylygyň kerili hökmünde dialogyň ähmiýetiniň uludygyny gündelik tejribe görkezýär. 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky parlament wekiliýetiniň Türkmenistana gelmegi munuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen gepleşikleri geçirdi we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylyk edýän parlament wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk geçirildi hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin deputatlaryň öňünde çykyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen häzirki wagtda parlament diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklarynda ösdürilýändigi bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlyk iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünşmegi pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde tejribä ornaşdyryldy.
Jemgyýetimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm ugry, Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirýän ynsanperwer işleri geljege gönükdirilen parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoludygy türkmen diplomatiýasynyň Milli mekdebiniň professor-mugallymlaryny we talyp ýaşlaryny buýsandyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
O.S.Ezimowa,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI