30/11/-0001
618
Bitarap Türkmenistan belent ösüşleriñ ýolunda
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Ata-babalarymyz müňýyllyklardan bäri parahat durmuşyň, asuda ýaşaýşyň güýjüne uly sarpa goýup gelýär. Çünki parahatçylygyň bar ýerine güleýýiş, ösüş rowaçlyk ýardyr. Parahatçylygyň, ynsanperwerligiň güýjüne çuňdan akyl ýetirmek bilen, merdana pederlerimiz nesillerini hem hem asudalyga, ynsaperwerlige, dost-doganlyga bolan belent söýgiň ruhunda terbiýeläpdirler. Biziň şu günki asudalyga, hoş niýetli gatnaşyklara bolan söýgimiz öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň çuňa uzan ruhy köklerinden alyp gaýdýar. Külli türkmen halkynyň parahatçylyga sarpasy, ynsanperwerlik ýörelgesi, hoşniýetlilik, açyk göwünlilik häsiýeti Bitaraplyk taglymaty arkaly giň jahana ýaýylýar. Baky Bitaraplyk – türkmen halkymyzyň parahatçylyga, asudalyga ýugrulan ak niýeti, saýlap alan aýdyň ýolydyr. Baky Bitaraplyk – baky baky parahatlygyň aýdymy, baky bagtyň açarydyr.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň mundan 25 ýyl ozal Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy türkmen halkymyzyň parahatçylyk, abadanlyk bilen bagly isleg-arzuwlary doly myrat tapdy. Türkmen halkymyzyň tutuş kalby bu günki alyp barýan hoşniýetli syýasatynda, Bitaraplyk taglymaty arkaly durmuşa geçirýän ynsanperwerlige, sahawata ýugrulan beýik işlerinde şöhlelenýär. Türkmen halky bu günki gün dünýäň ýüregine ýagşy päl, ýagşy niýet bolup ýetýär. Öýlere ýagtylyk, ojaklara ýylylyk, ýüreklere ýagşylyk bolup dolýar. Hemişelik Bitaraplygymyz bilen bile geçilen 25 ýyllyk ýol – özünde dünýäniň asudalygyna, halklaryň parahatlygyna ýugrulan beýik işleri jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz özüniň tutuş dünýä nusgalyk Bitaraplyk taglymatyna wepaly bolmakda we halkara talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmekde dünýä nusga bolup gelýär. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli paýhasy netijesinde, türkmen Bitaraplygynyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýäde yzygiderli artýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen dost-doganlygyň merkezi paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Sebit boýunça Öňüni alyş we ylalaşdyryjy merkeziň açymagy, BMG-niň agza döwletleri tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ikinji ýola ykrar edilmegi, bütin dünýäde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edilmegi türkmeniň Bitaraplyk taglymatynyň dünýäde barha dabaralanýandygyndan habar berýär. Türkmen Bitaraplygyň dünýäde şeýle belent derejä, şeýle belent hormata eýe bolmagynyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik yhlasy, çuňňur paýhasy durandyr.
Ynsanperwerligi ýol-ýörelge edinip dosta goldaw, goňşa hemaýat, mätäje delalat bermek türkmeniň ata-baba ganyna, kalbyna siňen asylly häsiýetleriniň biridir. Ata-babalarymyz şeýle ynsanperwer häsiýetleri bilen bütin taryhyň dowamynda şöhratlanyp gelipdirler. Ine, bu günki gün türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini dünýä nusgalyk dereje-de amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen Goňşy Owganystan Yslam respublikasyna yzygiderli ynsanperwer kömekleriň berilmegi, goňşy ýurtda parahatlygyň, abadan durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň Bitaraplyk taglymatyna, ynasanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyndan habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýurdunyň dünýä parahatçylyk ýaýradyjy, dost-doganlygy berkidiji ýurtdugyny bu gün giň dünýä jemgyýetçiligi, abraýly halkara guramalar, syýasatçylar ykrar edýär. Munuň şeýledigini geçen ýylda BMG-iň Baş assambleýasy tarapyndan gelip gowşan hoş habar aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Şol hoş habaryň mazmunyna görä Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edildi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen dünýäň ýüzünde bütin bir ýylyň dowamynda parahatçylygyň we bir-birege ynamyň dabaralanmagy bilen bu ugurda möhüm ykdysady, syýasy we medeni ösüşler gazanylýar. Bir-birege bolan ygrar we ynam arkaly halklaryň arasynda hoş niýetli, dost-doganlyk gatnaşyklar barha güllär, dünýäň parahatlygy barha pugtalanar.
Berkarar döwletimiziň durmuşa geçirýän hemişelik Bitaraplyk taglymatynda, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli syýasatyna, dünýäniň asuda geljegine, halkaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik maksatlar ýardyr. Milli Liderimiziň kalbyndan gözbaş alan şol beýik maksatlar bu günki gün dünýäde parahatçylygyň pugtalanmagyna, asudalygyň dabaralanmagyna, dost-doganlygyň berkemegine giň ýollar açýar. Kalbynda hem serinde tutuş adamzadyň, giň dünýäniň bagtly geljegi, nurana ýaşaýşy bilen bagly beýik maksatlara, ýagşy we ýagty pikirlere orun berip, türkmeniň Bitaraplyk taglymatynyň gudratyny giň jahan ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň başy dik jany sag, ömri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt, tutuş adamzat ähmiýetli beýik tutumlary elmydama rowaç alsyn!
Ýazberdiýew ARSLANMYRAT,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Türkmen dili we edebiýaty
fakultetiniň “Türkmen dili we edebiýaty” hünäriniň II ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI