30/08/2025
231
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim özgertmeleri durnukly ösüşiň we rowaçlygyň kepili» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutyň hem-de ýurdumyzdaky beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahat öz işini «Türkmenistanyň bilim ulgamynyň netijeli ösdürilmegi – halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň kepili», «Bilim – jemgyýetiň ösüşiniň binýady», «Halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde bilim ulgamynyň tutýan orny» hem-de «Bilimli ýaşlar – berkarar Watanymyzyň röwşen geljegi» atly bölümçelerde dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, elektron maglumatlar goruny döretmek bilen bagly ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda ylmy çykyşlarda nygtaldy.
Bölümçelerde çykyş edenler ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanyp, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde esasy orny eýeleýän milli bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän umumadamzat ähmiýetli işler dogrusynda gürrüň berdiler. Hakykatdan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler amal edilýär. Şonuň netijesinde, ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalar peýdalanylýar, ylmyň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary ornaşdyrylýar.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimli, ukyply, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ruhubelent ýaşlary ýetişdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.