26/06/2023
1136
Beýik Ýüpek ýolunyň ýüpek syrlary
«Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de işjeň hereket etmeginde esasy orunlaryň biri türkmenlere degişlidir» diýip belläp geçýän Gahryman Arkadygymyz tarapyndan başy başlanan Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy bu günki günde özüniň oňyn netijesini görkezýär. Bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen bilelikde ýurdumyz netijeli işleri alyp barýar. Çekilen gara, demirýollary Beýik Ýüpek ýolunyň polat düşeklerde täzeden dikeldilmeginiň aýdyň nyşanydyr. Biz hem makalamazyň çäginde ÝUNESKO-nyň HHR bilen bilelikde yglan eden “Ýüpek ýolunyň ýaşlary üçin ylmy-barlag granty” taslamasyna hödürlenen işimizden bir bölegini Size ýetirmegi makul bildik. Geosyýasy şertleriň ýitileşýän döwründe halklaryň ykballaryny bir ýoluň ugrunda badaşdyran, gepleşikleriň we ilçiligiň ýoluny ylmy esasda düýpli öwrenmek, olary häzirki zaman tejribesinde kämilleşdirmek, gerek bolsa durmuşa ornaşdyrmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatyny we medeni diplomatiýasyny ösdürmek üçin derwaýys bolup durýar. Geçmişde döwletara gatnaşyklary saklamak, ilçileriň alyşylmagy iki tarap üçin hem peýdaly bolup, döwletleriň howpsuz geljegine kepil geçipdir. Hat-da alys döwletlerden parahatçylykly niýet bilen gelen ilçiler baran döwletinde uly şatlyk-şowhuny, ruhy galkynmany emele getiripdir. Muňa, gadymy hytaý akyldary Konfusiýniň şeýle sözleri hem subut edýär: 有一个远方的朋友不是很幸福吗?(Uzakdan dostuň gelmegi şatlyk dälmidir?!). Sebäbi gürrüň edilýän döwürde bolup geçýän syýasy wakalar, döwletleriň belli bir sebäplerä görä biri-birine garaşlylygy, ýüpegiň zerurlygy, wagtyň geçmegi bilen onuň halkara walýutasyna öwrülmegi, döwletleriň üstlerinden geçýän söwda ýoluny elden gidermezlik ugrundaky alyp baran syýasy göreşleri halkara gatnaşyklaryna güýçli täsir edip, döwletleriň ýakynlaşmagyna ýardam beripdir. Taryhy çeşmelerden anyk bolşy ýaly, ýüpek ilkinji gezek hytaýlylar tarapyndan üsti açylyp, hümmeti altyna barabar hasaplanypdyr. Gadymy Hytaý barada ýazgy galdyran syýahatçylar, “ýüpek, matalaryň iň owadany bolup, ony ýurtda ýediden ýetmişe hemme kişi geýýär” diýip belläp geçipdirler. Ýüpegiň öndürilişi döwlet syryna öwrülip, onuň ýaýramazlygy üçin berk gözegçilik alnyp barlypdyr. Hytaýda Han nesilşalygy döwründe goşuna aýlyk haky tölenende pula derek bugdaý we ýüpek berlipdir. Ýeterlik mukdarda zikge kakdyrmak hytaýlylar üçin kyn bolupdyr, çünki ýurduň ähli künjeginde zikgelenen pullar ulanylmandyr, Şol sebäpli goşuna hak tölenende kähalatlarda närazylyklaryň ýüze çykmagyna hem getiripdir. Bugdaý bolsa derrew zaýalanmak bilen bolupdyr. Şonuň üçin aýlyk haklaryny ýüpek toplary bilen tölemeklik has amatly düşüpdir. Wagtyň geçmegi bilen ýüpek halkara walýutanyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Hümmeti altyn teňňelere barabar bolan bu walýutany edinmek döwletleriň arasynda ör boýuna galypdyr. Hökümetler tarapyndan haýdan-haý ilçiler topary, söwdagärler, syýahatçylar yzygiderli Aziýa sebitindäki ülkelere ugradylypdyr. Ýüpegiň ýurtdan alnyp gidilmegine-de berk gümrük gözegçiligi amala aşyrylypdyr. Şonuň üçin döwlete gelýän täjirleri, syýahatçylary, ilçileri hasaba alýan we barlaýan ýörite gümrük nokatlary döredilipdir. Dunhuandan uzak bolmadyk ýerden tapylan otuz bäş müň setirden ybarat bolan ýazgylarda Kansu sebitlerindäki wakalar hakynda jikme-jik habar berilýär. Bambuk we tagta böleklerine ýazylan setirlerde beýan edilişine görä, Hytaýa barýan syýahatçylar anyk ýollary ulanmaklyga mejbur bolupdyrlar. Syýahatçylara şol ýollardan geçmekleri üçin ýörite ygtyýarnama berlipdir we haçan-da Hytaýyň çäklerine girenlerinde ýörite gözegçiler tarapyndan olaryň sany hasaba alnypdyr. Ýurtdan çykan pursatlarynda hem olaryň gelen sanlaryna görä yzlaryna çykandyklaryna kepil geçmek üçin olaryň hasaby ýöredilip, ähli goş-golamlary barlanylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ýüpek dünýä derejesinde giňden ýaýrap, gyzgalaňly söwdanyň döremegine sebäp bolupdyr. Ýoluň ugrundaky döwletler alys ýurtlar bilen Hytaýyň gönüden-göni söwda etmegine razylyk bermändirler. Çünki Beýik ýüpek ýolunyň söwdasy esasynda uly girdejä eýe bolan döwleter, eýýäm ösen döwletlere öwrülipdir.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI