15/09/2023
585
Berkarar diýaryň berk binýady
Türkmen halky öz döreden maddy we ruhy gymmatlyklary bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşan halkdyr. Taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlupdyr. Döwleti dolandyrmakda, onuň gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda örän baý tejribeler toplanypdyr.
Ata-babalarymyzyň «Geňeşsiz iş bolmaz» diýen pendinden ugur alnyp, döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köp asyrlyk milli tejribämize daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Bu tejribäni döwrebaplaşdyryp, ýurdumyzyň geljekki ykbalyna dahylly möhüm wezipeleri, uzak möhletli döwür üçin strategik maksatlary durmuşa geçirmekde uly işler alnyp barylýar.
Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerinden ugur alnyp, geljegimiz hakynda pikirlenmek we her bir işe döredijilikli çemeleşmek, agzybirlik we maksada okgunlylyk bilen hereket etmek üçin ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ösdürmek her bir raýatyň baş wezipesine öwrüldi.
Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy we aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, halkymyzyň isleg-arzuwlary esasynda 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip at berildi. Munuň özi Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr. Halkymyzyň, şol sanda ýaşlarymyzyň watan söýüjiligine, zehinine we yhlasyna aýratyn üns berlip, eziz Watany rowaçlyklaryň ýurduna öwürmek her bir raýatyň mukaddes borjuna öwrüldi.
Täze obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp subutnamalary bolup durýar. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylmagy Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygynyň, ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändiginiň subutnamasydyr. Şeýle hem bu taslama ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän taslamadyr. Şunda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirdi. Milli Liderimiziň 2023 – 2024-nji, täze okuw ýylynyň ilkinji gününde bagtyýar türkmen ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda bolup geçen bu taryhy duşuşygyň barşynda ýurdumyzda ähli ugurlarda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada bellenilip geçildi. Milli Liderimiziň parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik baradaky öwüt-nesihatlary hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýär.
Batyr ESENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI