03/01/2024
992
Belent maksatlara ruhlandyrýan kitap
— Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada hem beýan edilýär.
Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda kabul edilen degişli kanunçylyk namalary ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň berk hukuk esaslaryny düzýär. Häzirki döwürde degişli maksatnamalar esasynda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Şunda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Oňa laýyklykda, bagtyýar ýaşlarymyzyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen bagly giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynda bu strategiýada türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň beýan edilendigi barada hem aýdylýar. Bu strategiýanyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde, dünýä ýaşlary bilen tejribe alyşmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň “Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy” atly halkara forumy üstünlikli geçirildi. Ol ýaşlarymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda möhüm waka boldy.
Tamamlanan ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň II Ýaşlar ylmy kongresine, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 165 döwletden köp sanly ýaşlary jemlän BMG-niň howa boýunça Ýaşlar maslahatyna türkmen ýaşlarynyň hem gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendiklerini bellemek gerek. Agzalan strategiýanyň kabul edilmeginiň netijesinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetine resmi taýdan agzalyga kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly şeýle taryhy wakalardyr gazanylan üstünlikler hem giňişleýin teswirlenýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzümi — ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär.
Eýýäm daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy ýurtlaryň wekilleriniň hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabyny öz dillerine terjime etmeklige gyzyklanma bildirýändikleri buýsandyryjydyr. Olar bu ajaýyp eseri ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemek işlerinde peýdalanmagy göz öňünde tutýarlar.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti, 03.01.2024 ý. // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI