07/12/2023
952
Baýramçylyk maslahaty geçirildi
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ykdysady we syýasy ösüşleriň gözbaşydyr» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy hem-de Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli guralan çärede Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň yglan eden «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary», şeýle hem Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşikleriň jemleri jemlendi.
Aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň, şeýle-de daşary syýasat edarasynyň, syýasy institutlaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, bäsleşiklerde ýeňiji bolan ýaşlar, institutyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Dabarada nygtalyşy ýaly, Bitaraplyk syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakda bitirilýän işler, öňe sürülýän başlangyçlar halkara jemgyýetçilikde giň goldaw tapýar. Şu ýyl Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllyk ýubileý senesi hem halkara derejede dabaralandyrylýar.
Çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljege tarap ynamly gadam urýan ýurdumyza bolan buýsanç duýgulary beýan edildi. Institutyň höwesjeň talyp ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary bolsa dabarada göwün göteriji ýagdaýy döretdi.
Halkara bäsleşikleriň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-nyň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle bäsleşikleriň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilendigini bellemek gerek.
Halkara ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem talyplaryň we ýaş alymlaryň ylym-bilim, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly bäsleşigiň baş maksady boldy. Oňa türkmen ýaşlary bilen birlikde, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan, şol sanda Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Hytaýyň ylym bilen meşgullanýan talyplary gatnaşdylar. Olar jemi 10 ugur boýunça sanly ulgam arkaly beýan eden ýüzlenmesinde bu bäsleşigiň halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde möhüm ädim bolandygyny aýratyn nygtadylar.
(Ýörite habarçymyz).
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti, 7.12.2023 ý.