
30/11/-0001
612
BAGTYÝAR ZAMANANYŇ BAGTLY TALYBY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär.
Ynha şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde täze 2022-2023-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň ähli okuw mekdeplerinde ýokary derejede dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu ýylky güýz paslynyň ilkinji güni hem meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Bu gün men arzuw eden ýokary okuw mekdebimiň talyby boldum. Tebigatyň hulkuma guýan pespälligi, sabyrlylygy, tutanýerliligi bilen kän ýeňişlere ýetdim. Men ýurdumyzyň naýbaşy ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby boldum. Bu ýokary okuw jaýynyň talyby bolmak meni aýratyn buýsandyrýar. Çünki men bu institutyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigine uly höwes bilen gatnaşyp, final oýnuna çykyp, 3-nji orna eýe boldum.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimiň we ylmyň jemgyýetimiziň döredijilik güýjüniň binýady hökmünde yzygiderli kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris”.
Kadyrmyrat Öwezgylyjow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.