21/11/2023
924
Bagtdan paýly ýürekleriň buýsanjy
Ata Watanyňa hyzmat etmek, jan-teniň bilen söýüp, onuň saňa berenlerini haklamak her bir ynsanyň öňündäki mukaddes borjudyr. Gahryman Arkadagymyz biz — ýaşlara eden sargytlarynda: «Mähriban ýaşlar! Watana wepaly bolmakda, zähmetsöýerlikde, ynsanperwerlikde, halallykda siz beýlekilere nusga bolmalysyňyz! Siz öz üstüňize ýüklenen wezipeleri ak ýürekden berjaý etmek bilen, Berkarar Watanymyzyň günsaýyn ösüşine öz mynasyp goşandyňyzy goşýandygyňyzy unutmaň!» diýip belleýär. Elbetde, munuň özi döwletimiz tarapyndan ýaşlarymyza uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň alamatydyr.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji we kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Özleri üçin edilýän şeýle atalyk aladalaryndan buýsançly türkmen ýaşlary bu günki günde ýurdumyzyň içindäki we halkara derejesindäki birnäçe bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, Diýarymyzyň abraýyny has-da belentlere göterýärler. Ine, şu gün hem döwletimizde dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredilen güni mynasybetli yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen belent ada mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda maňa hem hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Edilýän sylag, goýulýan hormat munuň özi şol adama bildirilýän uly ynamdyr. Şeýle buýsançly pursatlarda türkmen diplomatiýasynda bilim alýan halkaraçy hünärmen hökmünde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize bildirýän bu uly ynamyny ýokary derejede ödäp, eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn!
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz — ýaşlara okamaga, döretmäge we öz ukyp-başarnyklarymyzy açyp görkezmekde hem-de dünýäniň iň soňky ösen tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegimizde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsunymyzy aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sözümiň soňuny ähli türkmen ýaşlarynyň Watanymyza bolan buýsanjy hökmünde şeýle setirler bilen jemläsim gelýär:
Belent maksat tutunyp, aýdyň geljege sary,
Bütin dünýä ýaň edýäs, owazaň, şöhrat-şanyň.
Iň arzyly islegleň hasyl bolýan Diýary,
Baky gülle, rowaçlan, eziz Türkmenistanym!
Çar ýanyň läle-reýhan, göýä jennet mysaly,
Ak şäherim Aşgabat – ak arzuwlaň wysaly.
Agtarsak-da dünýäni Watan ýok seniň ýaly,
Baky gülle rowaçlan, eziz Türkmenistanym!
Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI