12/06/2024
617
Aýratyn buýsandyryjy üstünlik
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni türkmen ýaşlaryny täze ylmy, döredijilik we zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan wakalara beslenýär. Şeýle bagtyýar seneleriň birinde — Ylymlar gününde maňa bagtyýar ýaşlaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda geçirilen «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorinanyň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Bu üstünlik meniň durmuşymdaky ýatdan çykmajak ýakymly wakalaryň biridir. Çünki dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň her bir goşgusyny, her bir setirini ürç edip okaýan, onuň ömrüni we döredijiligini öwrenmegi mukaddes parz hasaplaýan ýüzlerçe ýaşlaryň içinden saýlanyp, bu bäsleşikde ýeňiji bolmak meni diýseň buýsandyrýar. Ýene bir buýsanç bilen belläsim gelýän zat, bäsleşige gatnaşmakda we onda ýeňiji bolmakda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň aýratyn işjeňlik görkezenligidir. Munuň özi geljekki türkmen diplomatlarynyň Magtymguly Pyragynyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga, dana şahyrymyzyň döredijiligini, parahatsöýüjilikli ynsanperwer ýörelgelerini dünýä ýaýmaga mynasyp goşandymyzy goşjakdygyna pugta ynam döredýär. Bu babatda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň üçin nusgalyk görelde mekdebidir.
Ata Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyna abraý goşmak, türkmen ýaşlarynyň dünýä we döwür bilen aýakdaş gitmeklerini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.