09/10/2026
77
Awaza duşuşyklary: täze gözýetimler
Ýurdumyz halkara giňişlikde diňe bir milli bähbitlerini öňe sürýän döwlet hökmünde däl, eýsem, sebit we dünýä ähmiýetli meseleleriň çözgüdinde ylalaşdyryjy çemeleşmeleri teklip edýän, dialog üçin amatly şertleri döredýän ýurt hökmünde hem öz ornuny barha pugtalandyrýar. Türkmen topragynda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli halkara forumlar, döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklary, ykdysady we ynsanperwer maslahatlar bu hakykaty aýdyň görkezýär. Şunda Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara dialogynyň täze merkezleriniň birine öwrülýär.
Şu günlerde bu ýerde geçirilýän iri syýasy çäreler hem Türkmenistanyň sebit diplomatiýasyndaky barha artýan ornuny görkezýär. Hususan-da, şu gün — 8-nji oktýabrda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, 9-njy oktýabrda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi munuň aýdyň mysalydyr. Merkezi Aziýa diňe tebigy serişdelere baý sebit bolman, eýsem, uly sarp ediş bazaryna, ösýän önümçilik kuwwatyna we zähmet serişdelerine eýe bolan giňişlikdir. Sebitiň esasy artykmaçlyklarynyň biri onuň geografik ýerleşişidir.
Merkezi Aziýa gündogarda Hytaý, demirgazykda Russiýa, günortada Owganystan we Eýran, günbatarda bolsa Hazar deňzi arkaly Günorta Kawkaz, Türkiýe we Ýewropa ugurlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin häzirki döwürde Merkezi Aziýanyň ähmiýeti diňe uglewodorod serişdeleri, mineral baýlyklar ýa-da oba hojalyk mümkinçilikleri bilen çäklenmeýär. Sebit halkara söwdasynyň, energiýa akymlarynyň we ulag-logistika ulgamlarynyň möhüm çatrygyna öwrülýär. Bu aýratynlyk Merkezi Aziýanyň taryhy wezipesiniň häzirki zaman şertlerinde täzeden janlanýandygyny görkezýär.
Häzirki wagtda «Merkezi Aziýa — Hytaý», «Merkezi Aziýa — Russiýa», ABŞ bilen «C5+1», «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi», «Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi», «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa», «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ýaly formatlar hereket edýär. Bu bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öz aralarynda ynanyşmagynyň we hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagydyr. Şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary aýratyn ähmiýete eýedir.
Şu gün 8-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bu hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry bolar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 1-nji awgustynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen resmi däl konsultatiw duşuşykda beýan eden tekliplerine laýyklykda, Awaza sammitiniň gün tertibiniň bäş esasy ugry kesgitlenildi.
Bu ugurlar Merkezi Aziýanyň häzirki döwrüniň esasy meselelerini öz içine alýar. Sebitiň ykdysady ösüşi ulag ulgamyna, energetika pudagyna we söwda gatnaşyklaryna, onuň uzak möhletleýin durnuklylygy bolsa suw serişdeleriniň rejeli dolandyrylmagyna, ekologiýa, azyk howpsuzlygyna, ýaşlaryň bilim derejesine we tehnologik ösüşe bagly bolup durýar. Şunda Türkmenistan özüniň bitaraplyk hukuk derejesine, geografik ýerleşişine, energetika mümkinçiliklerine we parahatçylyk dörediji daşary syýasatyna daýanyp, sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm gatnaşyjysy bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň ýene biri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlykdyr. Ýurdumyz 2005-nji ýyldan bäri, GDA-da assosirlenen agza derejesinde çykyş edýär hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan ýörelgeler esasynda Arkalaşygyň çärelerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistan mundan öň 2012-nji we 2019-njy ýyllarda GDA-da başlyklyk etdi. 2026-njy ýylda bolsa ýurdumyz bu jogapkärli wezipäni üçünji gezek ýerine ýetirýär.
Geçen ýylyň 10-njy oktýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çözgüdine laýyklykda, şu ýyl hem Türkmenistan bu guramada üçünji gezek başlyklyk edýär. Degişli meýilnamalar esasynda, ýylyň başyndan bäri mejlisleriň, duşuşyklaryň geçirilmegi ýurdumyzyň Arkalaşykda başlyklyk wezipesini ýokary derejede ýerine ýetirýändiginiň güwäsidir. Hususan-da, şu ýylyň 13-nji maýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi üstünlikli geçirildi. Şeýle-de ýurdumyzyň GDA-da 2026-njy ýyldaky başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 22-nji maýda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary derejede geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi, Daşary işler ministrligi hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde guralan bu forum sebitde parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm taryhy ädim boldy.
Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde üpjünçilik zynjyrlarynyň üýtgemegi, täze ulag ugurlarynyň gözlenilmegi, energiýa howpsuzlygyna bolan talabyň ýokarlanmagy we Aziýanyň ykdysady agramynyň artmagy Merkezi Aziýa üçin taryhy mümkinçilik döredýär. Şeýle şertlerde sebit özüniň geografik ýerleşişini diňe üstaşyr artykmaçlyk hökmünde däl, eýsem, önümçilik, söwda, logistika we maýa goýumlaryny çekýän ykdysady güýje öwürmelidir. Munuň üçin Merkezi Aziýanyň döwletleriniň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak, serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek, demir ýol we awtomobil ulgamlaryny özara sazlaşdyrmak, Hazar deňzi arkaly multimodal gatnawlary ösdürmek, energetika we sanly ulgamlary birleşdirmek aýratyn möhümdir. Şu jähetden Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli, bitaraplyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat sebitiň umumy bähbitlerine laýyk gelýär.
Perhat ÇARYÝEW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.
Çeşme: "Arkadag" gazeti - 08.10.2026 ý.
Последние новости
10/10/2026
AWAZA DÜNÝÄNI BIRLEŞDIRÝÄR
07/10/2026
SHAPING THE FUTURE: WORLD TEACHERS’ DAY