30/12/2023
779
ASYLLY IŞLERIŇ DOWAMATY
Sahawatlylyk, ejize kömek, goldaw bermek pederlerden şu günlere dowam edip gelýän ynsanperwer ýol-ýörelgelerdir. Ýurdumyzda ýaşlaryň, aýratynda howandarlyga mätäç çagalaryň sazlaşykly ösüşi, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ýokary hilli bilim almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen baglanyşykly meselelere döwletimiz tarapyndan möhüm ähmiýet berilýär. Muňa biz Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu gazna Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilipdi. Gazna jemgyýetimiziň we döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalaryň durmuşyna doly derejede gatnaşmak hukugyna eýe bolup, lukmançylyk kömegini bermekde, saglygy dikeltmekde we derman serişdelerini almakda maddy goldawyň berilmegini öz içine alýar.
Ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer işleriniň doganlyk hem dostlukly ýurtlarda uly goldaw tapandygyny aýratyn bellemelidir. Şu ýylyň dowamynda Türkiýäniň, Ukrainanyň, Owganystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleri iberildi. Gahryman Arkadagymyzyň çagalarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýörelgelerini, tebigata aýawly çemeleşmek däplerini ösdürmek bilen bagly birnäçe tabşyryklary bermegi geljekde alnyp baryljak asylly işlere badalga bolar.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi 260 sany operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar keselleri, 102 sany ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri alnyp baryldy. Mundan başga-da, 47 sany çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 sany çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Şeýle hem näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeler sarp edildi.
Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylar, olaryň ýakynlary we hossarlary, şeýle hem saglygy goraýyş pudagynyň işgärleri ýaş nesilleriň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we ukyplaryny açmaklary ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de bu işleri mynasyp dowam etdirýän — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Altyn BABYŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI