14/12/2023
816
Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maýa goýum syýasatynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetiň, şeýle-de sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasyndaky maliýe-ykdysady hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün edilýär. Her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, onuň anyk wezipeleri kesgitlenilýär, önümçilikde we durmuş ulgamynda meýilleşdirilýän sepgitleri aýdyňlaşdyrylýar. Munuň özi ýurduň makroykdysady görkezijilerini ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistan Azerbaýjan döwleti bilen halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler, BMG-niň we beýleki iri halkara guramalaryň çäklerinde aýratyn ähmiýetli başlangyçlarydyr teklipleri ilerletmekde birek-biregi yzygiderli goldaýarlar.
Türkmenistan we Azerbaýjan oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek bilen, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurlarda bar bolan kuwwatlyklary hasaba almak arkaly umumy tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli hasap edilýär.
2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmen-azerbaýjan işewürlik forumy geçirildi. Forumyň esasy maksady durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin dünýäde bar bolan we ýüze çykýan maýa goýumlaryny we ösüş meselelerini çözmek üçin gepleşikleri hem-de çäreleri ösdürmek bolup durýar.
Bu forumyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisi hem geçirildi.
Şol geçirilen çärelere nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, oba hojalyk we azyk önümçiliginde, gurluşykda we gurluşyk harytlarynda, derman senagatynda, ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda we beýleki ugurlarda işleýän kompaniýalaryň wekilleri hem gatnaşdylar.
Şeýle hem forumyň çäklerinde azerbaýjan kompaniýalarynyň, türkmen işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Forumyň çäklerinde nebit we gaz öndürmek, ulag we ýangyjy gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine serediler. Foruma dünýä belli hünärmenler we halkara energetika ägirtleri gatnaşarlar. Forumyň jemleri boýunça degişli resminamalaryň gol çekilişik dabaralary hem bolup geçdi.
Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarydyr pudaklarynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dostlukly ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanmagy bilen bagly ýurt, sebit, dünýä ähmiýetli birnäçe ylalaşyklar gazanylýar. Ine, bu gezekki gol çekilen resminamalaryň hem türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň täze sahypasynyň esasyny düzjekdigi ikuçsyzdyr.
Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen işjeň gatnaşygynyň ýola goýulmagy we yzygiderli ösdürilmegi biziň ýurdumyzda kabul edilýän milli Maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar we Türkmenistanyň ýakyn wagtlarda dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ynamly goşulmagyna zerur bolan şertleri döredýär.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI