30/11/-0001
504
Aşgabatda halkara ulag forumy
2022-nji ýylyň 18-19-njy iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly halkara maslahaty geçirilýär. Bu halkara maslahatyň çäklerinde Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Katar Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň (Aşgabat Ylalaşygy) Iş komitetiniň üçünji mejlisiniň we «Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran» hem-de «Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe» geçelgeleri boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) birinji iş duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň dowamynda “Ulag we logistika pudagynyň pandemiýadan soň dikeldilmegi: täze kynçylyklar we mümkinçilikler”, “Ulag we aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak: geljege nazar”, “Durnukly ulag ulgamynyň ekologiýa jähtleri. Ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň eýeleýän orny”, “Ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösmeginde ylmyň we bilimiň orny” atly temalary boýunça plenar mejlisleri geçiriler.
Bu halkara mejlisde Türkmenistanyň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleriniň, ulag we logistika pudagy boýunça kompaniýalaryň, halkara guramalaryň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň çykyş etmegine garaşylýar.
Bu forumyň işi halkara ýük daşamalar ulgamyndaky maýa goýum mümkinçilikleri, bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşmaga amatly şertleri döreder.
Aýjahan GULHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň I ýyl talyby.