30/11/-0001
619
AŞGABAT — ASTANA: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda taryhy ädim
Tylla güýzüň örküjinde dünýä bileleşiginiň ünsi ýene-de Merkezi Aziýa gönükdi: Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada sebit, dünýä howpsuzlygynyň meselelerine bagyşlanan syýasy sammitleriň birbada üçüsi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow olaryň ikisine gatnaşyp, sebitde we dünýäde ählumumy parahatçylygyň arhitekturasynyň berkidilmegine goşant boljak täze başlangyçlary bilen çykyş etdi. Bu möhüm forumlaryň yzysüre hormatly Prezidentimiziň bu ýurda ilkinji döwlet saparynyň barşynda dostlukly döwletiň Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçiren gepleşikleri, olaryň netijesinde gol çekilen resminamalaryň toplumy saparyň örän netijeli bolandygyny görkezdi. Astana sapar iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygynyň jemini jemlemek bilen, hyzmatdaşlygyň gerimini has-da artdyrmaga ýardam berjek bilelikdäki mümkinçilikleri orta goýmagyň zerurdygyny görkezdi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça taslamalary işjeňleşdirmäge ýardam berdi.
Astanada geçirilen üç halkara sammit Türkmenistanyň hem, Gazagystanyň hem bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Ýewraziýada özara ynanyşmagy, dialogy, hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da örän ýakyndygyny tassyklady.
Ilki bilen, Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasy hökmünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Astanada bolan mejlisindäki çykyşynda öňe süren derwaýys teklipleriniň goldawdyr gyzyklanma bilen garşylanandygyny nygtamak isleýäris. Arkadagly Serdarymyz şeýle diýdi: «GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklaryň bize hyzmatdaşlygyň anyk we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, onuň güýçli taraplaryndan: hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesinden, deňhukukly häsiýetinden, ýolbaşçylaryň jogapkärçiliginden, umumy taryhy tejribeden, çuňňur ynsanperwer gatnaşyklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýändigine ynanýaryn. Bu ýagdaýlar diňe bir Arkalaşygyň döwletleri üçin däl, eýsem, goňşy ýurtlar we sebitler babatda-da özüne çekiji hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, geljekde möhüm, netijeli döwletara gural hökmünde GDA-nyň işjeňliginde oňyn orny eýeläp biler we eýelemelidir. Gürrüň, ilkinji nobatda, ykdysady, söwda, maýa goýum gatnaşyklary barada barýar».
Elbetde, Ýewraziýa giňişliginde wajyp orun tutýan GDA giňişliginiň, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleriniň kuwwatynyň artmagy has umumy — Aziýa yklymynyň dünýäde täsiriniň güýçlenýän döwründe bolup geçýär. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça Maslahatyň (CICA) VI sammitiniň açylyşynda eden çykyşynda: «XXI asyryň Aziýanyň asyry boljakdygy baradaky çaklama häzirki wagtda hakykata öwrüldi. Aziýa jemi içerki önüm we satyn alyjylyk ukyby boýunça dünýäniň ykrar edilen ykdysady liderine öwrüldi» diýen sözleri üns bererlikdir.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2021-nji ýylda CICA synçy hökmünde goşuldy. Bu sammite 11 sany döwletiň Baştutanynyň gatnaşmagyny bu düzümiň birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Aziýanyň howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegi hasaplanýandygy bilen düşündirse bolar. Aziýadaky howpsuzlyk bolsa, Gazagystanyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, ählumumy howpsuzlyk üçin möhümdir. Ýurdumyzyň wekiliýeti CICA-nyň agzalaryny Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldamaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystana saparynyň birinji gününde GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasyny halkara gatnaşyklara has berk ornaşdyrmak babatda başlangyçlardyr teklipleri öňe sürdi. Arkadagly Serdarymyz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda Arkalaşygyň ýurtlarynda howpsuzlygy berkitmek, ýagdaýyň durnuksyzlaşdyrylmagyna bolan synanyşyklara garşy durmagy, terrorçylyk, ekstremizm, kiber we biologik howplardan goramagyň kepilliklerini üpjün etmegi, jemgyýetçilik aňyna hakykata gabat gelmeýän pikirleriňdir ahlak düzgünleriniň emeli ýol bilen ornaşdyrylmagyna garşy göreşmegi, dünýädäki ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň ýaramaz netijelerini öňünden duýdurmagy öňde durýan esasy wezipeler hökmünde nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky altytaraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň öňe süren Arkalaşygyň günorta ugurlarynda, şol sanda Owganystanda, Eýranda we Pakistanda energetika, ulag-aragatnaşyk taslamalara GDA agza döwletleriň hem işjeň gatnaşyp biljekdiklerini aýtdy. GDA ýurtlarynyň köppudaklaýyn ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramagyň üstünde işlemek hakynda oýlanmagy teklip etdi. GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzindäki port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine garamak baradaky teklip hem türkmen tarapyndan öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyz Arkalaşygyň çäginde ilkinji «Dostluk oýunlaryny» Türkmenistanda geçirmek başlangyjyny orta atdy. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dar düzümde geçirilen mejlisinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin: «Gowy pikir. Diýseň ynsanperwerlikli» diýip, bu başlangyjy goldady. Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem bu başlangyjy goldaýandyklaryny mälim etdiler.
«Merkezi Aziýa sebiti babatda öňüni alyş çärelerini, bolup biläýjek gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň gurallaryny, munuň üçin bar bolan serişdeleri we tejribäni doly derejede ulanmagy zerur hasaplaýaryn» diýip nygtan hormatly Prezidentimiz anyk ugurlara gönükdirilen 4 sany teklibi öňe sürdi. Hususan-da: biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak; terrorçylygyň, ekstremizmiň, kiber- we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek; jemgyýetçilik aňyna ýalan many-mazmuny we ahlak ýörelgelerini emeli ornaşdyrmaga garşy göreşmek; dünýäde ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak.
Ýokarda agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýandygy nygtaldy. Hemişelik hereket edýän «Merkezi Aziýa — Russiýa» işewürler düzüminiň döredilmeginiň başyny başlamak teklip edildi.
«Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitiniň barşynda Russiýa Merkezi Aziýada bitewi energetika ulgamyny döretmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi. Ýeri gelende bellesek, bu ulgamy döretmekde, elbetde, Türkmenistanyň paýy uludyr. Bu babatda Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bolan Özbegistana, Gyrgyzystana, Eýrana we Owganystana barha artýan göwrümdäki eksport edýän elektrik energiýasynyň aýgytlaýjy häsiýete eýedigini ýatlamak zerur. Bu bolsa sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde ähmiýetlidir.
Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesine ygrarly bolan Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda dostlukly Gazagystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Taryhy, medeni umumylyklara eýe bolan türkmen we gazak halklaryny müňýyllyklara uzaýan gatnaşyklar birleşdirýär. Olaryň umumy taryhynda, medeniýetinde, ösüşinde ýakynlyklar, meňzeşlikler köp.
Iki döwletiň taryhda meşhur bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman keşbini dikeltmekdäki alyp barýan söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk çäklerdäki giň möçberli işleri Merkezi Aziýa sebitiniň yklymda hem-de dünýäde strategik ähmiýetiniň artmagyna kuwwatly itergi berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň we Gazagystanyň örän uly ýangyç-energetika gorlary tutuş dünýäde gyzyklanmany artdyrýar.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa etmek ýoly bilen ibermek babatdaky halkara başlangyçlary Gazagystan tarapyndan uly goldaw tapýar. Munuň şeýledigine 2009-njy ýyldan bäri üstünlikli işleýän Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisi hem aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň barşynda gol çekilen «Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda» Ähtnama taraplaryň energetikany hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edýändiginiň aýdyň delilidir. Maglumatlara görä, Gazagystan tebigy gazyň içerki sarp edilişiniň artmagy sebäpli, ýakyn geljekde onuň importyny köpeltmek barada gyzyklanýar. Saparyň barşynda «Gazakgaz» bilen «Türkmengaz» kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan türkmen gazynyň importy hakynda ylalaşyga laýyklykda, gazak tarapy ýylda 1,5 milliard kub metre çenli türkmen gazyny uzak möhletleýin satyn almaga isleg bildirdi.
Türkmenistan we Gazagystan «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň möhüm halkasy bolan Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollaryny birikdiren Uzen — Gyzylgaýa — Bereket — Etrek — Gürgen demir ýolunyň gurluşygyny 2007 — 2014-nji ýyllar aralygynda üstünlikli amala aşyrdylar. Ol yklymara ulag-kommunikasiýa ulgamynda täze, düýpli möçberli taslamadyr. Ýeri gelende bellesek, bu başlangyç Gahryman Arkadagymyza degişlidir. Ýylda 20 million tonna galla öndürip, bugdaýyň eksporty boýunça dünýäde bäşinji ýerde durýan Gazagystan üçin bu demir ýoluň ähmiýeti uludyr. Eýran bu ýol arkaly Gazagystandan hem ýylda 200 müň tonna çenli galla satyn almaga gyzyklanýar. Indi bu ýol ony guran üç döwletiň çygryndan çykyp, Ýewraziýa yklymynda üstaşyr gatnawlaryň esasy halkalarynyň birine öwrüldi. Hytaý hem bu ýoly 2016-njy, 2018-nji ýyllarda konteýner otlulary arkaly synag etmek bilen, Şanhaýdan Bender-Abbas portuna çenli 45 güne çekýän deňiz ýoly ugruny üç esse gysgaltdy. 2011-nji ýylyň oktýabrynda Bender-Abbas — Almaty aralygynda üstaşyr demir ýol gatnawy ýola goýuldy. Ol Türkmenistanyň, Özbegistanyň üsti bilen Gazagystana barýar. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde gazanylan ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň iýulynda Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň demir ýol ulgamyny peýdalanyp, Russiýa Hindistana öz synag ýük otlusyny iberdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen Belarus ýükleri hem Hindistana iberilýär. 2022-nji ýylyň 30-njy awgusty — 12-nji sentýabry aralygynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly boýunça 50 konteýner ýük otlusynyň Hytaýdan awtoşaýlary Eýrana getirmegi, ýene-de şu ýylyň tomsunda gazak kükürdi ýüklenen otlynyň Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça ýüki geljekde Ýewropa eltmek üçin ilkinji gatnawy amala aşyrmagy ýokarda aýdylanlara goşmaça delildir. Döwlet saparynyň barşynda gol çekilen «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada» Ähtnama ulag-logistika ulgamynyň döwletara hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan möhüm ugurdygyndan habar berýär.
Hazarýaka hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm orna eýedir. Hazar deňziniň sebitinde ýaragsyzlanmagy we howpsuzlygyny üpjün etmek, deňziň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän Konwensiýa 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde kabul edilen bolsa, 2019-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Şu saparyň dowamynda taraplar Aktau, Kuryk, Türkmenbaşy portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berdiler. «Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi» awtomobil ýolunyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagyna iki tarap hem gyzyklanma bildirýär.
Taraplaryň arasynda söwda dolanyşygy ýyl-ýyldan artyş meýline eýedir. Gazagystanyň Baştutany Türkmenistanyň bazaryna girip biljek harytlaryň sanawynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanlary tarapyndan ýakyn bäş ýylda bu görkezijini 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek wezipesi öňde goýuldy. Özara söwda-haryt dolanyşygyny has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan we Gazagystan serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň üstünde işleýärler. Munuň özi serhetýaka Balkan hem-de Mangistau welaýatlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga mümkinçilik berer. Gazagystan Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda Owganystana hem-de onuň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermek üçin 100 müň tonna bugdaýy saklamaga niýetlenen elewatory gurmaga hem-de oňa gerek bolan haltalary öndürýän bilelikdäki önümçiligi ýola goýmaga gyzyklanma bildirýär. Bu taslamany Gazagystan Türkmenistan bilen paýly gatnaşykda amala aşyrar. Ýeri gelende bellesek, Gazagystan dünýäde gallanyň eksportunda öňdebaryjy orny eýermek bilen, bu ýurduň 2020-2021-nji ýyllar möwsüminde dünýä bazaryna eksporta çykaran bugdaýy ortaça 8,1 million tonna barabar boldy. Saparyň barşynda oba hojalygy pudagynda gazanylan ylalaşyk türkmen gök önümleridir miwelerini Gazagystana eksport etmäge, gazak tarapynyň himiki we mineral dökünlerini türkmen bazaryna ibermäge ýardam berer. Döwlet sapary Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda hereket edýän ikitaraplaýyn resminamalaryň 140-dan gowragynyň üstüni ýene-de 14 sany resminama bilen ýetirdi. Olaryň energetika, ulag-kommunikasiýa, sanly ulgam, oba hojalygy, medeniýet, maliýe, himiýa senagaty, söwda, telekeçilik, jenaýatçylyga garşy göreşmek, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine almagy Arkadagly Serdarymyzyň Astana döwlet saparynyň örän netijeli bolandygyny aňladýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Daşary syýasy gözlegler institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň özleriniň gazagystanly kärdeşleri bilen gatnaşyklarynyň ýygjamladýandygyndan nyşandyr. 2021-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Gazagystanyň «Al-Faraby adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilipdi. Ikitaraplaýyn täze resminamalaryň hoşniýetli goňşuçylykly we dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşant goşjakdygyny ynamly aýdyp bolar.
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran döwlet sapary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýyl ýazgysynda möhüm ähmiýetli we örän wajyp taryhy ädim hökmünde ýer aldy.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI