30/11/-0001
603
Arzuwyma atylan “bäş” ädim
Käwagtlar 1 minudyň wagt taýdan gysga, ýöne wajyplygy taýdan 1 ömre degýänligi bilen baglanyşykly ýagdaýlar bolýar. Her bir adamyň durmuşynda hem "öwrülişik pursatlary" diýilýäni bolup geçýär. Meniň durmuşymda hem entek okuwçy wagtym Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň howasyndan dem almagym hakyky öwrülişik pursady boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýörite karary esasynda açylan, bu abraýly institutyň düzüminde hereket edyän Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan gurnalan “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginde ähli tapgyrlardan üstünlikli geçip, jemleýji final oýnunda ýeňiş gazanmak bagty miýesser etdi.
Öňümizde Oguz han atamyzyň altyn ýaýy, oňa tarap ädilen bäş ädim, bir minutyň gymmatlygy, ýürekde gaýnap joşýan halkaraçy hünärmen bolmak arzuwy. Wagt dowamlylygy taýdan ýigrimi-elli ýyl öňe gitsek, özümiň bir döwürler Parahatçylygyň ýaş çapary bolanlygymy hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Ine, meniň esasy duýgularym. Bu gün bolsa, çagalykdan arzuw eden hünärim boýunça ýokary bilim almak üçin talyp hökmünde Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň gapysyndan ädim ätdim. Men hem öz saýlap alan hünärim boýunça ökde halkaraçy hünärmen bolup, Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny belentden belende galdyrmaga öz goşandymy goşjakdygyma ynandyrýaryn. Goý, her bir adamyň arzuwyna tarap atan ädimi maksadyna ýetsin. Men Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar ýaşlarynyň biri. Men Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyby.
Bize şeýle döwrebap bilim almagymyza, öz arzuwymyza ýetmegimize döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Serdarymyza talyp ýüregimden köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan aýdyň maksatly rowaç işleri rowana bolsun!
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.