30/11/-0001
603
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly möhüm wezipeleri, aýdyň maksatlary öňde goýýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 29-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny tassyklady. Şeýlelikde, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipleri esasynda, täze ýylyň şygary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň röwşen geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýolunda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini beýan edýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 11-nji fewralyndaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ýaşuly nesiller dogry ýol bilen gitmekde we Watany söýmekde ýaş nesillere ýardam bermelidir. Biziň ýaşlarymyz ýaşuly nesillerden görelde almalydyr» diýip, ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini nygtady. Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesinde hormatly Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyldy.
Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň öňünde möhüm wezipeleri goýdy we olaryň bilimini, zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak üçin ähli şertleriň, mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýratyn nygtady. Şundan ugur alyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda türkmen diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary-da belent sepgitlere ýetmek üçin öňde duran möhüm wezipelere goşant goşmaga çalyşýarlar. Bu wezipeler, esasan, şulardan ybaratdyr:
Birinjiden, Gahryman Arkadagymyz bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesle degişlidigini aýratyn nygtaýar. Ilkinji nobatda, halkara gatnaşyklary boýunça bilim alýan hünärmenler döwletiň we milletiň milli bähbitlerini mynasyp goramagy düýpli öwrenmelidir. Bu belent wezipe ýaş türkmen diplomatlary üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolmalydyr.
Ikinjiden, diplomatyň esasy hünär serişdesi daşary ýurt dillerini hemmetaraplaýyn kämil bilmek bilen baglydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlara bu babatda bildirýän ynamyny ödemek hem-de BMG-niň resmi dilleri bolan iňlis, rus, fransuz, hytaý, ispan we arap dillerinde gepleşikleri alyp barmagy öwretmek mugallymlaryň borjudyr. Munuň üçin bu bilim ojagynda ähli zerur şertler döredilendir.
Üçünjiden, türkmen diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň düýp binýadynda duran milli ýörelgelerimize çuňňur sarpa goýmak ruhunda özlerini kämilleşdirmegi dowam etmelidirler. Hut şol duýgy olara ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda ýakyndan goldaw berer. Bu ugurda institutda täze açylan «Parahatçylygyň medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunda netijeli işler alnyp barlar.
Dördünjiden, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň täze ylmy açyşlara, innowasion çözgütlere we beýleki döredijilik üstünliklerine beslenjek ýyl boljakdygyna ynanýarys. Institutda hereket edýän dürli okuw we ylmy merkezler, talyplara ýurt, sebit we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaga döredilen mümkinçilikler bize şeýle diýmäge doly esas berýär. Geçen ýyllarda türkmen diplomatiýasynyň ýokary okuw mekdebiniň talyplarydyr mugallymlary ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän ders, hünär we sport bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şolaryň hatarynda matematika, informatika, maglumat tehnologiýalary, halkara hukugy, hünäri boýunça rus we iňlis dilleri, halkara gatnaşyklar, arbitraž, maliýe howpsuzlygy, halkara ynsanperwerlik hukugy, sportuň söweş görnüşleri boýunça dünýä hem-de halkara çempionatlary, ýaş halkaraçylaryň ylmy, okuw hem-de döredijilik bäsleşikleri aýratyn bellärliklidir.
Ministrler Kabinetiniň ýakynda, 26-njy ýanwarda geçirilen göçme mejlisinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berildi, bu babatda täze teklipler beýan edildi.
Bellenilişi ýaly, ýaşlar bilen bagly wezipeler Birleşen Milletler Guramasynyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. 1985-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda ýaşlaryň meseleleri boýunça Bütindünýä kongresi hereket edýär. BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri hem bu meseleler bilen meşgullanýar. Bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny taýýarlamak baradaky meselä seretmek teklip edilýär. Onuň esasy maksady ýaşlarymyzyň medeni, ykdysady, ylym-bilim, sport ulgamlarynda we beýleki ugurlarda halkara gatnaşyklara has işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda Halkara ýaş diplomatlar merkezini döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmek teklip edilýär. Şeýle hem öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, Ýewropa Bileleşigi, GDA bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.
Ýokarda agzalan Strategiýada ylym, medeniýet, sport ugurlaryndaky hereketleriň işjeňleşdirilmegini nazarlap, şunda Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň Milli merkezini, şeýle-de degişli ulgamy döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri göz öňünde tutmak, “Ýaş zehinler” atly maksatnamany taýýarlamak we ony beýleki ýurtlaryň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge jogapkär döwlet hem-de jemgyýetçilik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak, Türkmenistanda yzygiderli esasda Halkara ýaşlar oýunlaryny guramak ýaly başlangyçlar ileri tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu baradaky hasabaty diňläp, ýaşlar syýasatynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini nygtady. Ýurdumyzyň daşary syýasy işinde-de bu meselä uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz milli ýaşlar konsepsiýasynyň doly goldanylmalydygyny aýdyp, bu ulgamdaky syýasatyň esasy maksadynyň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaşlary ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyny belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi, ylym-bilim ulgamyna täzeçil tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýaşlaryň yhlasly okap-öwrenip, tutanýerli zähmet çekip, röwşen geljegiň berkarar bolmagyna goşant goşmakdaky yhlasyny has-da artdyrýar.
Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmäge goşandyny goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda institutyň mugallymlary geljekde-de ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekerler. Çünki halkara giňişlikde Watanymyza mynasyp wekilçilik etjek kämil hünärmenleri taýýarlamak olar üçin mukaddes borç hem belent mertebedir.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
Makala 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 28-ne "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI