22/11/2023
1463
«ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR» – MAKSADY MYRADA GOWUŞAN ÝAŞLAR
Türkmen halkynyň arasynda “Öň akan ýerden akarmyş aryk” diýen aýtgy bar. Merdana pederlerimiz tarapyndan ýaş nesliň ukyp-başarnykly, watançylyk ruhunda terbiýelenmäge gönükdirilen üns, taryhdan dowam edip gelýän watançylyk ýol bu günki günde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda kämil dowam etdirilýär. Tutuş ýaşlara bagyşlanan bu ýylda ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň yglan eden, ýylyň-ýylyna gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna meniň bilen birlikde ýaşlaryň 140-sy hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlara mynasyp boldular. Gowşurylyş dabarasynyň gadymy Mary topragynda, «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa –- Hytaý ýaşlar forumynyň çäklerinde geçirilmegi uly mana eýe boldy. Biziň bilen şatlygymyzy deň paýlaşan daşary ýurtly ýaşlarda uly gyzyklanma döredip, biziň ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän ünsüň, ynamyň gözli şaýady boldular. Alys ýurtlardan gelen deň-duşlarymyzyň öňünde, öz ýürek buýsanjymy geljekki halkaraçy hünärmen, diplomat hökmünde, iňlis dilinde beýan etmegim hem şatlygyma aýratyn şatlyk goşdy. Çünki, öňem bir danadan: «Bagt näme?» diýip soranlarynda: «Bagt bu seniň we seniň zähmetiň gadrynyň bilinmegidir» diýip jogap beripdir. Onda: «Biz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda bagtyň çür depesine galan ýaşlardyrys!» diýip, aýratyn nygtamak isleýärin. Çeken ujypsyz zähmetimiz üçin, şeýle sylaglara eýe bolmak, her bir türkmen ýaş zehinini öz maksadyna, arzuwyna barha iterýär. Sözümiň şu ýerinde arap çeşmeleriniň birinden okan şeýle setirleri ýatlap geçmek isleýärin. Bir oba adamsy öz hökümdaryna: «Biz, siziň bitirip berýän işleriňize sagbolsun aýdyp ýetişmänkäk, siz biz üçin ýene bir iş bitirip berýärsiňiz» diýip, aýdyp geçipdir. Hakykatdan-da, hut mekdep partasynda bilim alýarkam, Gahryman Arkadagymyzyň ýörite Karary esasynda, Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde hereket edýän «Ýaş diplomatlar» mekdebi tarapyndan gurnalýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bagtyýar talyby bolmak, soňra bolsa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagtyna mynasyp görülmegim meniň jogapkärçiligimi artdyrdy. Meni ata Watanymyzyň her bir ösüşine goşant goşmaga, ak ýürekden gulluk etmäge, hakyky watançy bolup ýetişmäge borçlandyrdy. Bize durmuşda maksatlarymyzy amal etmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimiziň çägi ýok.
Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary biz ýaşlaryň kalbymyzyň owazyna, dilimiziň senasyna öwrüldi. Men hem geljekde ýurdumyzyň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny dünýä ýüzünde şöhlelendirjek halkaraçy hünärmen, diplomat bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn. Ýaşlaryň howandary bolan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI