03/07/2023
1286
Arkadag şäheriniň bank ulgamy
2022-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berildi we «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýlip atlandyryldy. Bu hoş habara her bir türkmenistanly tüýs ýürekden begendi, kalbynyň töründen çykýan alkyşlaryny merkezi metbugatyň, milli teleradioýaýlymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Täze şäheriň gurluşy «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýar. Bu ýerde häzirki zaman internet ulgamy, sanly ulgam arkaly dolandyrylyş doly gurnalansoň, Arkadag şäheri döwrümiziň iň döwrebap ilatly ojaklarynyň biri bolar. Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi «akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylyýň 29-nji iýunynda ýurdumyzda döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriň açylyş dabarasy boldy. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda gurlan jemi 336 sany döwrebap desga ulanmaga berildi. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny, şol sanda çagalar baglaryny, mekdeplerini, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerini, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda, hyzmatlar ulgamlarynyň edaralaryny, sport desgalaryny, inženerçilik ulgamlaryny özüne birleşdirýär. Şol sanda bank ulgamyna degişli 5 sany edara binasy guruldy. Olara Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat dolandyrmasynyň edara binasy, Türkmenistanyň “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň edara binasy, Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Türkmenistanyň “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik bankynyň edara binasy, Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy hormatly Prezidentimiziň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys» diýen sözleriniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmagyň hatyrasyna şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Goçmyrat PENJIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI