05/07/2023
566
Arkadag şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Minnetdarlyk güwänamasy gowşuryldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz gün saýyn ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer dașary we içeri syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Türkmenistan bilen ýakyn-alysdaky döwletler dost-doganlyk we özara bähbitli gatnaşyklary döwrebap ösdürmeklige işjeň gatnaşýarlar. Watanymyz Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde rowaçly ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Munuň şeýledigini mähriban Watanymyzyň dünýäniň dürli halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýanlygy hem aýdyň görkezýär. Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap Arkadag şäheri döredi. Watanymyzyň, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirilen döwletli tutumlar ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, il-günüň aladasy bilen ýaşaýan Gahryman Arkadagymyz halkyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen, sazlaşykly işlenilip düzülen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň täze taryhy eýýamda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu ýörelgeler milli gymmatlyklary ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilip, türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilaty mynasyp, döwrebap ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine gabat getirmek, ýurdy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meselelerden ybarat boldy. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini-de guwanç bilen bellemelidiris. «Bizde bilim, ylym we medeniýet durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän esasy özgerdiji güýç bolmalydyr» diýýän hormatly Prezidentimiz millilige, ruhubelentlige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, ata-babalarymyzyň belent ruhuna ýugrulan kämil şahsyýeti kemala getirmegi döwletiň esasy maksatlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykaryldy, dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Döwletimiziň ähli künjeklerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklary, sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi we olaryň täze tapgyrlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Ylym-bilim ojaklarynyň, terbiýeçilik edaralarynyň ählisi-de kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, bütindünýä internet aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilýär. «Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr» diýýän hormatly Prezidentimiz özüniň nusgalyk göreldesi bilen, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, täze, kämil türkmen şahsyýetiniň kemala gelmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär. Watanyň Garaşsyzlygyny, topragyň asudalygyny, çagalaryň şadyýan gülküsini adam üçin uly bagt hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň asudalygy, parahatçylygy goramaga, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen sebit we umumadamzat bähbitli başlangyçlary, öňe sürýän teklipleri, olaryň aýratyn täsirliligi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ol başlangyçlar parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge, ählumumy syýasy, howpsuzlyk we ýaragsyzlanmak, durmuş-ykdysady, medeni-gumanitar, azyk howpsuzlygy, ekologiýa ýaly ugurlardaky gaýragoýulmasyz meseleleri netijeli çözmegiň oňyn usullaryny tapmaga gönükdirilendir. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunda Türkmenistanda ilkinji “akylly” Arkadag şäheriň açylyş dabarasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz bilen daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ruhyýet köşgünde dabaraly maslahat geçirildi. Bu ýerde Arkadag şäheriniň dürli ugurlarda gazanylan üstünliklerini tassyklaýan sylag gowşuryldy. Täze şäheriň gurluşy “akylly” şäher konsepsiýasyna esaslanýar. Bu ýerde häzirki zaman internet ulgamy, sanly ulgam arkaly dolandyrylyş doly gurnalan soň, Arkadag şäheri döwrümiziň iň döwrebap ilatly ojaklarynyň biri bolar. Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. Munuň özi “akylly” şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, Arkadag şäheri — Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäherdir. Bu ýerde “ýaşyl” tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygynyň ösüşini kesgitleýän hem-de orta we uzakmöhletleýin maksatnamalardyr, meýilnamalara esaslanýan möhüm resminamalaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde howpsuzlygy üpjün etmek, ekologiýa we daşky gurşaw meseleleri, azyk howpsuzlygy, sanlylaşdyrma we maglumatlary dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş meselelere we beýlekilere seredildi hem-de seljerildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Siýong Zou Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň gün tertibiniň inklýuziw we durnukly senagat ösüşine (ISID) gönükdirilen dördünji senagat öwrülişiginiň (4IR) sanly tilsimatlaryny ulanmak arkaly “akylly” şäheri gurmak babatda goşandy üçin Minnetdarlyk güwänamasy Arkadag şäherine gowşuryldy. Ýurdumyzyň halkara derejesinde abraýyny belende götermäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI